Köşi ýaşaýyş jaý toplumynda täze Saglyk öýi açyldy

Onuň täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezindäki üç gatly jaýy paýtagtymyzyň günbatarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý klasteriniň ýaşaýyş-durmuş binalar toplumynyň üstüni ýetirdi. 

Ýylda 60 müň adama hyzmat etmäge niýeltenen täze lukmançylyk edarasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Paýtagtyň iri lukmançylyk merkezleri üçin enjamlary esasy getiriji bolan “Hospital Interneşnl“ (Germaniýa, Frankfurt) kompaniýasy Germaniýanyň „Simens“ kompaniýasynyň öndürýän rentgen we ultrases, „Siron“ firmasyndan stomatologiýa, „Ştern“ firmasyndan endoskopiýa enjamlaryny getirdi. Ýokary tehnologiýaly kesel anyklaýyş enjamlary barlaglaryň giň toplumyny geçirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bogun, deri we nerw ulgamy näsaz näsaglary dikeltmek üçin fizioterapiýa bölümi, gündizki stasionar, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden çaýlary teklip edýän fito-bar hem işleýär. 

Şu ýyl Aşgabatda eýýäm Andalyp köçesinde we „Parahat-7“ ýaşaýyş jaý toplumynda täze Saglyk öýleri ulanylmaga berildi. Olaryň hersi ýylda 40 müň adama hyzmat etmäge niýetlenendir. Ýylyň ahyryna çenli „Täze oba“ ýaşaýyş jaý toplumynda hem ýene bir Saglyk öýi işe başlar.