Türkmenistanda oba saglygy goraýşy – halkara ölçegleriniň derejesinde

Şu gün Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bina edilen keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara etrabyň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olary täze durmuş desgasynyň ulanmaga tabşyrylmagy bilen gutlamaga Mejlisiň deputatlary geldiler.

Dabara däp boýunça aýdym-sazly çykyşlardan başlandy: bezelen Täze ýyl arçasynyň töweregindäki meýdançada aýdymçylar hem-de etrabyň döredijilik toparlary bu waka bagyşlap taýýarlan aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny görkezdiler.

Resmi açylyş dabarasynda hormatly myhmanlar, il sylagly ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler halk baradaky yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda kuwwatly ykdysadyýeti hem-de dünýäde uly abraýy bolan döwlete öwrüldi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döwrebaplaşdyrylýan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şäherlerde we obalarda gurlan, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän iň döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze-täze lukmançylyk merkezleri alnyp barylýan şol işleriň yzygiderlidiginiň we üstünliklidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ösüş derejesiniň ilatyň ýaşaýşynyň hiliniň, döwlet gurluşynyň nusgasynyň we durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridigini nygtady. Ulgamda döwletiň alyp barýan işini ynsanperwer ölçegler gymmatly many-mazmuny berýän baş alamatlar durýar. Ol bolsa “Il saglygy—ýurt baýlygy” diýen düşünje bilen kesgitlenilýär.

Ilatyň zähmete ukyplylygy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan onuň saglyk ýagdaýynyň, umuman, döwletiň ykdysady işjeňligine täsir edýändigi gürrüňsizdir. Ýöne, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe bir oýlanyşykly halk hojalyk maksatlary durman, eýsem, ilkinji nobatda, her bir adamyň saglygyny berkitmäge, öz wagtynda lukmançylyk hyzmatlaryny almaga, ilatyň ähli gatlaklarynyň ýokary hilli lukmançylyk kömegine deň elýeterlilige bolan aýrylmaz we mizemez hukugy durýar.

Munuň özi “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ynsanperwer ugurlylygydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň düýp manysy ilatyň saglygyny goramak meseleleriniň diňe bir lukmançylyk ulgamyna degişli bolup galmagyndan çykyp, esasynda adam, onuň abadançylygy, mynasyp ýaşaýşy duran durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli taraplaryny we ugurlaryny öz içine alyp, jemgyýetçilik, döwlet hem-de şahsy ileri tutulýan ugurlaryň derejesine çykan wagty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden açyldy.

Öz kärdeşleriniň adyndan çykyş eden lukmanlaryň nygtaýşy ýaly, pudaga ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, ygtyýarynda iň täze tehnologiýalar we enjamlar bolan lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň dünýä möçberinde gazanylanlaryň derejesine çykmagynyň möhüm ýagdaýy bolandygyny nygtadylar. Ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek boýunça ulgamlaýyn çäreleriň netijeliligini halkara bileleşigi, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan ykrar edilen we ýokary baha berlen anyk görkezijiler bilen tassyklanyldy. Şunda oba lukmançylygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Jemgyýetçiligiň wekilleri hem öz çykyşlarynda halkyň saýlanlarynyň-- Mejlisiň deputatlarynyň milli Liderimiziň özgertmelerini öňe ilerletmekde hem-de ýerlerde durmuş meseleleriniň çözülmeginde goşandyny bellediler. Munuň şeýledigine Duşak şäherçesindäki täze lukmançylyk merkezi subutnama boldy. Şeýle edaranyň döredilmegi parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Serdar Berdimuhamedowyň yhlaslylygyny hem-de maksada okgunlylygyny talap etdi.

Bu ýere ýygnananlar bu kesel anyklaýyş-öňüni alyş edarasynyň açylmagynyň durmuş ähmiýetli wakadygyny nygtadylar, çünki oba ýaşaýjylary ozallar barlagdan geçmek üçin wagtlaryny we serişdelerini sarp edip, paýtagta gitmäge mejbur bolýardylar. Saglyk edarasyny gurmakdan we enjamlaşdyrmakdan başga-da, ony işgärler bilen üpjün etmek wezipesi hem çözüldi. Bu bolsa ilatyň ýokary hilli lukmançylyk kömegine elýeterliligini artdyrdy.

Soňra baýramçylyk dabarasy saglygy goraýyş edarasynyň gurluşygynda tapawutlanan işgärlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy bilen dowam etdi. Türkmen toýlaryna mahsus bolşy ýaly, dabara gatnaşýanlaryň ählisine duz-tagam hödür edildi.

Şowhunly el çarpyşmalar astynda täze lukmançylyk merkeziniň baş girelgesinde toý bagy kesildi. Şol pursat asmana howa şarlary uçuryldy.

Dabara gatnaşyjylar baş bina girip, işgärleriň işlemegi hem-de adamlary kabul etmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Taslamany Ahal welaýatynyň düýpli gurluşyk bölüminiň buýurmasy boýunça “Suhrab” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Hassahana 375 orna niýetlenip, onda Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary derejedäki ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.

Hassahananyň 110 orunlyk esasy binasynda reanimasiýa, operasiýa, kabul ediş-anyklaýyş bölümleri bolup, barlaghanalary hem-de keselleriň öňüni almak boýunça 55 orunlyk bölümi özünde jemleýär. Şeýle hem naharhana we kir ýuwujy bölüm bar. Mundan başga-da, ýene-de iki gatly binalaryň üçüsi guruldy. Olarda çaga we beýleki bölümler, dolandyryş binasy ýerleşdirildi. Tehniki toplumlar: awtoduralga, transformator, kabel, galyndylary zyýansyzlandyrmak üçin desgalar guruldy. Hassahananyň durmuş üpjünçiligine niýetlenip, agyz suwy üçin uzynlygy 14 kilometr bolan suw geçirijişeýle hem uzynlygy 7,5 kilometr bolan elektrik geçiriji çekildi, zerur bolan inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlary bina edildi.

Keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumy Germaniýada, Şweýsariýada, Italiýada, Fransiýada, ABŞ-da öndürilen tehniki we lukmançylyk enjamlar hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen enjamlaşdyryldy.

Mysal üçin, şöhle bilen anyklaýyş bölüminde magnit-rezonans tomografynyň kömegi bilen keseli takyk anyklamak üçin hemme şertler döredildi. Barlag geçirmegiň şeýle usulynyň gymmatlygy adam üçin doly diýen ýaly zyýansyz bolmagyndadyr. Bölümde barlaglaryň giň toplumy geçirilýär hem-de ýüz tutýanlara has oňaýly bolmagy üçin ähli şertler döredildi.

MRT-anyklaýşyň kömegi bilen birnäçe keselleri ýüze çykarmak bolýar. Bular dürli sowuklama ýagdaýlary we çişler, gan aýlanyş we nerw ulgamlaryndaky meselelerdir, oňurganyň we bogunlaryň agyrylary hem-de beýlekilerdir. Köp ýagdaýda bu usul diňe bir patologiýany ýüze çykarmaga däl, eýsem, onuň gelip çykyşyny anyklamaga we degişlilikde, öz wagtynda dogry bejergini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi welaýatyň ilatynyň barlagdan geçişini gowulandyrmaga hem-de keselleri has irki döwürlerinde ýüze çykarmaga mümkinçilik berer.

Kliniki barlaghanada umumy, immunoferment, biohimiýa, serologiýa, parazitologiýa, bakteriokopiýa we molekulýar-genetiki barlaglar geçirilýär. Gan banky hem döredilip, ol ýerde plazma taýýarlamak, eritrosital agram, ganyň toparyny kesgitlemek we rezus-ýagdaý üçin ähli şertler döredilipdir.

Reanimasiýa we anesteziologiýa bölüminde gaýragoýulmasyz kömek bermek we hassalary bejermek üçin hemme mümkinçilikler bar. Operasiýa ediş, maslahat beriş-anyklaýyş bölümi hem-de ýatymlaýyn otaglar ajaýyp görnüşde enjamlaşdyrylypdyr. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde bejergi alýan çagalar bilen okuw geçmek üçin ders otaglary hem enjamlaşdyryldy. Partalardan, owadan görkezme esbaplardan hem-de okuw serişdelerinden başga-da, çagalar üçin okuw maksatnamalary bolan netbuklar gurnaldy. Mekdepde berilýän ders sagatlaryny sypdyrman özleşdirmekde terbiýeçi olara kömek eder. Netbuklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgadydyr.

Merkeziň çäklerinde gije-gündiz işleýän dermanhana hem açyldy. Täze hassahanada tiz lukmançylyk kömegi gullugynyň işi hem ýola goýuldy. Munuň üçin ýörite awtoulag satyn alyndy.

Duşak şäherçesiniň saglyk merkeziniň lukmanlary Täze ýyla ajaýyp sowgat üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Maşgala lukmançylygyny, saglygy goraýyşyň ilkinji kömek beriş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde hem obada uly işler geçirildi we amala aşyrylmagy dowam edýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde täze saglyk öýleriniň ýüzlerçesi guruldy, olaryň ählisi halkara ölçeglerine kybap gelýän hem-de keseli tiz anyklamaga, keseliň agyrlaşmagyny we çylşyrymlaşmagyny öňünden duýdyrmaga, öz wagtynda bejergi geçirmäge hem-de hassalaryň durmuşynyň hilini saklamak we ony uzaltmak üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýän döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan oba saglygy goraýyş özgertmesi öz anyk netijelerini berýär. Bular ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň giňeldilmegi we döwrebaplaşdyrylmagydyr, öňüni alyş işlerini geçirmegi öz içine almakda köpçüligiň gatnaşmagynyň artmagydyr, ýerleşýän ýeriniň ýakynlaşmagy bilen ýokary hünär derejeli lukmançylyk hyzmatlarynyň has doly elýeterliligidir, obadaky saglyk edaralarynyň işgärler bilen üpjün edilmegidir.

Oba ilatyna lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň döwrebap guralyşy ol ýa-da beýleki welaýatyň döwlet ösüşiniň strategik ugurlarynda serişdeleri has netijeli peýdalanmak maksady bilen onuň ösüş aýratynlygyny nazarda tutýan toplumlaýyn milli we sebitleýin maksatnamalaryň çäklerinde bolup geçýär.

Şeýlelik bilen, amala aşyrylmagyna örän uly serişdeler maýa goýulýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasy" oba ýerleriniň sazlaşykly ösüşini, üpjün etmek, raýatlaryň, şol sanda ýaş maşgalalaryň we ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilatly ýerlerde umumybilim berýän hem-de bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň ulgamyny ýaly durmuş we inženerçilik düzümleriniň desgalaryny gurmak, wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiziň bu ulgamdaky strategiýasy adamyň durmuşy üçin sagdynlygyň doly kemala getirilmegi ugrunda döwlet dolandyrylyşynyň ähli ugurlaryny çekmäge esaslanýar. Onda tutuş ömrüniň dowamynda adamyň saglygynyň berkidilmegine, ýokary tehnologiki lukmançylyk kömeginiň elýeterli bolmagynda durmuş deňliginiň gazanylmagyna hem-de jemgyýetçilik saglygy goraýşyň kuwwatynyň güýçlendirilmegine esasy üns berilýär. Bu bolsa öz saglygyň we töwerekdäkileriň saglygy üçin jogapkärçilik babatda öňki döwürlerdäkiden has giň hukuklary we mümkinçilikleri göz öňünde tutýar.

Lukmançylyk ulgamyna maýa goýmagyň hem-de saglyga gadyr goýulýan jemgyýeti döretmegiň zerurdygyny esaslandyryp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle pikiri öňe sürýär: adamlaryň oňat saglygy ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üçin örän möhümdir. Şu hem milli Liderimiziň alyp barýan tutuş durmuş syýasatynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyşyny özgertmegiň maksatnamasynyň esasynda goýlandyr.