Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň TERTIBI

Gurluşyk we abatlama işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibi

Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitleýiş ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30.01.2009 ý. №10217 belgili Karara gol çekdi, oňa laýyklykda “Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň Tertibi” tassyklanyldy.

Bu Tertip 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Şu Kararda şeýle hem bellenilýär, ýagny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 29.12.2003ý. №6521  belgili “Gurluşyk ulgamynda işleriň bahasyny kesgitlemek barada” we 29.05.2006ý. №7914  “Suw hojalygy obýektleriniň gurluşyk-gurnama işleriniň bahasyny hasaplamagy kämilleşdirmek barada” Kararlary öz güýjüni ýitirýärler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň

30-njy ýanwaryndaky № 10217  belgili karary bilen

tassyklanyldy

 

 

Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň

TERTIBI

Gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň tertibi (mundan beýläk – Tertip), Türkmenistanyň milli walýutasynda döwlet serişdeleriniň we banklaryň karzlarynyň hasabyna obýektleriň gurluşygyny, durkuny täzelemegi we düýpli (ýeňil) abatlaýyş işlerini amala aşyrýan maýa goýumly hadysalarynyň ähli gatnaşyjylary üçin gurluşyk ulgamynda nyrhlary döretmegiň şertlerini kesgitleýär.

 

I. Gurluşyk-gurnama işleriniň, döwlet düýpli maýa goýumlarynyň göwrümleriniň çaklamasyny geçirmek üçin, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak boýunça işleriň bahasyny kesgitlemek

 

Gurluşyk-gurnama işleriniň, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak boýunça işleriň (mundan beýläk gurluşyk işleri diýlip atlandyrylýar) gündelik nyrhlarda döwlet maýa goýumlarynyň göwrümleriniň çaklanylmagynyň tapgyrynda bahasyny kesgitlemek, binýatlaýyn derejesinde  düýpli gurluşyk we düýpli abatlamak üçin (1-nji Goşundy) gündelik nyrhlaryň üýtgemesiniň indeksini ulanmak bilen geçirilýär.
Binýatlaýyn derejesine 1984-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan girizilen smeta kadalary we nyrhlary boýunça kesgitlenilen, gurluşyk işleriniň bahasy kabul edilýär. Döwlet merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň hasabyna, şeýle hem býujet guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän obýektler üçin taslama-barlag işleri boýunça, binýatlaýyn dereje hökmünde, 1987-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda girizilen, smeta kadalary we nyrhlar boýunça kesgitlenilen, taslama işleriniň bahasy kabul edilýär.

Binýatlaýyn nyrhlaryň milli walýuta bolan gatnaşygy şertli 1 : 50 hökmünde kabul edilýär.

II. Gurluşyk işleriniň bahasyny kesgitlemek

Ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň gündelik nyrhlardaky bahasy smeta kadalarynyň we nyrhlarynyň binýatlaýyn derejesiniň esasynda serişdeler-indeks usulýeti bilen kesgitlenilýär:

- maddy çykdajylar – serişdeler usulýeti bilen;
- aýlyk haky üçin we gurluşyk maşynlarynyň we mehanizmleriniň ulanylmagy üçin çykdajylar – indeks usulýeti bilen.

Goşmaça  çykdajylar we meýilnamalaýyn toplanmalar şu Tertipde bellenilen, işleriň bahasyny gündelik nyrhlarda kesgitlemek üçin çäklendirilen kadalary boýunça kabul edilýärler.

 Gurluşyk-gurnama işleriniň göwrümine girýän wagtlaýyn jaýlar we beýleki işler üçin çykdajylar şeýle hem, gurluşyk işleri üçin bellenilen tertipde, serişdeler-indeks usulýeti bilen kesgitlenilýär. Gurluşyk-gurnama işleriniň göwrümine girmeýän beýleki işler üçin çykarylýan çykdajylar, indeks usulýeti bilen kesgitlenilýär.
Göz öňünde tutulmadyk işleriň bahasy we çykdajylaryň bahasy, binýatlaýyn nyrhlarda taslama-smeta resminamalarynda kabul edilen kadalar boýunça kesgitlenilýär, olaryň degişli indekslerine gaýtadan hasaplanylmagyny nazara almak bilen kesgitlenilýär.

Aýlyk hakyny hasaplamak

Gündelik nyrhlarda göni çykdajylaryň düzüminde aýlyk hakyny tölemek üçin serişdeleriň möçberi, şu aşakdaky formula boýunça, binýatlaýyn nyrhlarda kesgitlenilen, aýlyk hakynyň smeta ululygynyň esasynda hasaplanylýar:

I=Ih x G,

bu ýerde I – zähmete hak tölemek üçin serişdeleriň möçberi;
Ih – smetalaýyn kadalaryň we nyrhlaryň binýatlaýyn derejesinde işçileriň-gurluşykçylaryň esasy aýlyk haklarynyň obýektiniň (onuň böleginiň) ululygy boýunça jemi

G – şu Tertibiň 1-nji Goşundysyna laýyklykda aýlyk haky üçin indeks.

Gurluşyk maşynlarynyň we mehanizmleriniň ulanylmagy üçin çykdajylary hasaplamak

Gurluşyk maşynlarynyň we mehanizmleriniň ulanylmagy üçin çykdajylaryň bahasy häzirki nyrhlar boýunça (bu maşynlara we mehanizmler hyzmat edýän işçileriň aýlyk haklaryny hem goşmak bilen), şu Tertibiň 1-nji Goşundysynda bellenilen, smeta kadalarynyň we nyrhlarynyň binýatlaýyn derejesinde hasaplanylan olaryň smeta bahasyny, indekse köpeltmek bilen kesgitlenilýär.

Maddy serişdeleri üçin çykdajylary hasaplamak

Häzirki döwürde hereket edýän nyrhlarda, maddy serişdeleriniň bahasy, kabul edilen fiziki ölçeg birliklerinde, materiallaram önümlere, şaýlara we düztülere bildirilýän kadalaşdyrylýan talaplarynyň maglumatlaryndan ugur almak bilen we onuň lomaý nyrhyndan, gabynyň bahasyndan, üpüjnçilik-ýerleýji guramalarynyň üstüne goşýan bahasyndan, daşamagyň bahasyndan, ýüklemek-düşürmek işlerinden we haryt-ulag nakladnoýyna we hasap-fakturasyna laýyklykda taýýarlaýyş-ammar çykdajylaryndan emele getirilýän, maddy serişdäniň anyk görnüşi üçin degişli nyrhyndan ugur almak bilen kesgitlenilýär.

Maddy serişdelerine kadalaşdyrylan talaplar taslama-smeta resminamalarynyň maglumatlarynyň esasynda we gurluşykda materiallary harç etmegiň umumy önümçilik kadalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

Goşmaça çykdajylar

Umumy gurluşyk işleri üçin goşmaça çykdajylar şu aşakdaky görnüşde hasaplanylýarlar:

- gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işleri üçin şu Tertibiň 2-nji Goşundysyna laýyklykda göni çykdajylaryň jeminden;

- gurnama we ýöriteleşdirilen gurluşyk işleri üçin, şu Tertibiň 3-nji Goşundysyna laýyklykda smeta boýunça göni çykdajylaryň jeminden ýa-da esasy önümçiligiň işçilerine zähmet haklaryny tölemek üçin serişdeleriň jeminden.

Meýilnamalaşdyrylan toplanmalar

Meýilnamalaýyn toplanmalaryň kadasy göni çykdajylaryň we goşmaça çykdajylaryň jeminden 15% möçberde bellenilýär.

Goşmaça çykdajylary we meýilnamalaýyn toplanmalary hasaplamak üçin göni çykdajylaryň düzümine goşulýarlar:
- aýlyk haky we maşynlary we mehanizmleri ulanmak boýunça çykdajylar, şu Tertibe laýyklykda indeks usulýeti bilen kesgitlenilýär;

- häzirki döwürde hereket edýän nyrhlarda hasaplanylan maddy serişdeler, olar, şu Tertibe laýyklykda kesgitlenilýän ulag çykdajylaryny we taýýarlaýyş-ammar çykdajylaryny nazara almak bilen hasaplanylýar.

III. Gurluyşyk işleriniň bahasyny hasaplamak

Ýerine ýetirilen gurluşyk işleri üçin buýrujylaryň we potratçylaryň arasyndaky hasaplaşyklar, işleriň hakyky ýerine ýetirilen göwrümleri üçin amala aşyrylýar, olar smeta kadalarynyň binýatlaýyn derejesinde hasaplanylýar we şu Tertibiň II-nji bölüminiň düzgünlerini nazara almak bilen we F-2 görnüşli delilnamada görkezilmegi bilen tassyklanylan taslama-smeta resminamalaryna laýyklykda we olaryň häzirki döwürdäki bahasyna gaýtadan hasaplanylan nyrhlar boýunça amala aşyrylýar.

Materiallar üçin goýberilýän nyrhlar, döwletiň merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň we býujet edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerinde ulanylýanlaryndan başgalary, getirijiniň we sarp edijiniň arasyndaky şertnamalaýyn nyrhlary ylalaşmagyň teswirnamasynyň esasynda kesgitlenilýär. Materiallaryň obýektiň ammaryna getirilmegi boýunça ulag çykdajylary şertnamalaýyn nyrhlar boýunça hasaplanylýar.

  Döwletiň merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň we býujet edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna  maliýeleşdirilýän obýektler boýunça, şu aşakdaky nyrhlar kabul edilýärler:

а) ýerli gurluşyk materiallary we önümleri üçin (magdan däl gurluşyk materiallary, sement, şifer, aýan, asfalt, harytlyk betony, keramika kerpiç)

-

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş Ministrligi tarapyndan tassyklanylan nyrhlar;

b) “a” bentde görkezilmedik,Türkmenistanda öndürilen gurluşyk önümleri üçin (metaldan düzütler, demirbeton önümleri, äpişgeler, gapylar we baş.)

-

Türkmenistanyň gurluşyk Ministrliginde ylalaşylan, öndürijiler tarapyndan tassyklanylan nyrhlar (ylalaşmagyň tertibi Türkmenistanyň gurluşyk Ministrligi tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär);

ç) içerki bazarda satyn alnan gurluşyk materiallary we önümleri üçin

-

Türkmenistanyň statistika baradaky Döwlet komitetinde hasaba alnan bazar nyrhlary;

d) daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk materiallary we önümleri üçin

-

Şertnamalarda kesgitlenilen nyrhlar, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hasaba alnan (gümrük we birža çykdajylaryny hasaba almak bilen);

e) ulag hyzmatlary üçin

-

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş Ministrligi tarapyndan tassyklanylan nyrhnama laýyklykda kesgitlenilýän nyrhlar;

f) Türkmenistanyň çäklerine getirilýän gurluşyk mateirallary we önümleri üçin, eksporta goýulýan elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň töleginiň hasabyna

-

Tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksporty üçin harytlyk getirmeleri boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Topar tarapyndan tassyklanylan nyrhlar.

 

 

Tassyklaýjy resminamalarynyň bolmadyk ýagdaýynda, ulag hyzmatlarynyň, ýüklemek-düşürmek işleriniň, gurluşyk materiallary we metaldan düzütler boýunça  taýýarlaýyş-ammar çykdajylarynyň bahasy, şu aşakdaky möçberlerde maddy serişdeleriniň gündelik bahasyndan kabul edilýär:

- ulag hyzmatlary  - 3%,
- ýüklemek-düşürmek işleri we taýýarlaýyş-ammar çykdajylary:
- gurluşyk materiallary boýunça - 2%,
- metladan düzütler boýunça - 0,75%.
Wagtlaýyn jaýlar we desgalar üçin we göz öňünde tutulmadyk işler üçin çykdajylar, binýatlaýyn nyrhlarynda bellenilen kadalar boýunça kabul edilýärler. Bu çykdajylar  F-2 görnüş boýunça delilnama goşulýarlar, şulary nazara almak bilen, ýagny görkezilen işler hakykatdan hem buýrujynyň gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýär we tassyklanylýar. Wagtlaýyn jaýlar we desgalar üçin we göz öňünde tutulmadyk işler üçin çykdajylaryň binýatlaýyn nyrhlara bellenilen kadalar boýunça ýokary bolan ýagdaýynda, hakyky çykdajylary degişli resminamalar bilen esaslandyrmalydyr.

Işleriň göwrümi boýunça, hökmany döwlet ekspertizasyna degişli edilmedik düýpli abatlaýyş üçin işleriň bahasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen kadalara laýyklykda, taslama instituty bilen ylalaşylan we taslamanyň we smetanyň ornuny çalyşýan, baha beriş defekt delilnamalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

IV. Buýrujynyň çykdajylary. Enjamlar

Taslamada göz öňünde tutulan enjamlaryň bahasy (gurnalýan we gurnamany talap etmeýän), çaklamada, 1-nji Goşunda laýyklykda onuň binýatlaýyn nyrhlardaky bahasyny indekse köpeltmek hökmünde kesgitlenilýär. Getirijiler bilen özara hasaplaşyklar geçirilende, olaryň bahasy, berilýän resminamalara laýyklykda franko-ornunyň nyrhy boýunça kesgitlenilýär.

Töleg üçin degişli bolan enjamlaryň hakyky bahasy, enjamlaryň getirijiden satyn alynýan bahasyndan, ulag we taýýarlaýyş-ammar çykdajylarynyň bahasyndan emele getirilýär, olaryň bahasy enjamlaryň hakyky bahasyndan degişlilikde 3%  we 1,2% ýokary bolmaly däldirler.

Buýrujy we potratçy tarapyndan ylalaşylan defekt delilnamasynyň esasynda ýerine ýetirilen, enjamlaryň gurnamadan öňki derňewi boýunça geçirilýän işler üçin çykdajylar, enjamlaryň bahasyna girýärler we buýrujynyň ygtyýar etmeginde galýan  göz öňünde tutulmadyk işler we çykdajylar üçin ätiýaçlygyň hasabyna maliýeleşdirilýärler.

Taslama-agtaryş işleri, döwlet ekspertizasy we awtorlyk gözegçiligi

Taslama-agtaryş işleriniň bahasy we döwlet ekspertizasynyň bahasy (merkezleşdirilen döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän obýektler boýunça  taslama-agtaryş işlerinden başgalary, şeýle hem býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň serişdeleriniň hasabyna) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda kesgitlenilýär.

Döwletiň merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň hasabyna we býujet guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän obýektler boýunça taslama-agtaryş işleriniň bahasy, 1-nji Goşundyda görkezilen indeksi ulanmak bilen binýatlaýyn nyrhlar boýunça kesgitlenilýär.

Binýatlaýyn işläp taýýarlamalary we kadalary bolmadyk täze taslamalar işlenip taýýarlanylanda, taraplaryň ylalaşygy boýunça taslama-agtaryş işleriniň bahasy zähmet çykdajylary boýunça, geçip giden ýarym ýyllyk we ýyllyk döwürler üçin emele gelen möçberlerde goşmaça  çykdajylaryny goşmak bilen kesgitlenilip biler, emma ol esasy işgrleriň esasy aýlyk haklaryndan 100% möçberden ýokary bolmaly däldir.

Döwletiň merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň hasabyna we býujet guramalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurluşyklar we obýektler taslamalaşdyrylanda meýilnamalaýyn toplanmalar, meýilnanalaşdyrmagyň beýleki çeşmeleri boýunça 15%  möçberde bellenilýär – taraplaryň iki taraplaýyn ylalaşygy boýunça, emma 30% ýokary bolmadyk möçberde.

Awtorlyk gözegçiligi boýunça çykdajylary, hakyky emele gelen zähmet çykdajylary boýunça kesgitlenilýärler, oňa, öňki geçen ýarym ýyllyk döwri üçin emele gelen möçberde goşmaça  çykdajylary hem goşup kesgitleýärler.

Döwletiň  merkezleşdirilen maýa goýumlarynyň hasabyna we býujet guramalarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän obýektler üçin awtorlyk gözegçiligi boýunça çykdajylar,  smeta bahasyndan bellenilen kadanyň binýatlaýyn nyrhlarynda, taslama-agtaryş işleri üçin 1-nji Goşundyda bellenilen indekse köpeltmek bilen kesgitlenilýärler.

Buýrujynyň müdirýetini saklamak

Buýrujynyň müdirýetini saklamak üçin serişdeler (mundan beýläk müdirýet diýlip atlandyrylýar), gurluşygyň ähli döwri üçin binýatlaýyn nyrhlarda, smeta bahasyndan bellenilen möçberlerde jemleýji smeta hasaplaşygynda göz öňünde tutulýar.

Býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän obýektler üçin, müdirýeti saklamak üçin çykdajylar 1-nji Goşundyda görkezilen, binýatlaýyn nyrhlaryna, indeksi ulanmak bilen bellenilen kadalar boýunça kesitlenilýärler. Müdirýeti saklamak üçin serişdeleriň ýetmezçilik eden ýagdaýynda goşmaça serişdeler Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş Ministrligi bilen ylalaşyk boýunça, müdirýetiň hasabat maglumatlarynyň esasynda kesgitlenilýärler, onda aýlyk haklaryndan we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň töleglerinden başgalarda, beýleki çykdajylar,  esasy işgärleriň aýlyk haklaryndan 10% ýokary bolmaly däldirler.

Maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýan gurluşykda, müdireýti saklamak üçin hasaplaşyklar buýrujynyň we potratçynyň arasyndaky şertnamanyň esasynda kesgitlenilýär.

Öz düzüminde toplumlaşdyryjy bazalary we taýýarlaýyş-ammar işlerini amala aşyrýan müdirýetler, görkezilen işler boýunça çykdajylary müdirýeti saklamak üçin çykdakjylaryň smetasyna goşýarlar. Munda çykdajylaryň smetasy, obýektleriň maliýeleşdirilmegi üçin bölünip berilýän umumy serişdeleriň hasabyna tölenilýär.

Obýektleriň gurluşygy üçin bölünip berilýän döwlet serişdelerini tygşytly harç etmegiň maksady bilen, şu aşakdaky talaplaryň berjaý edilmegi zerurdyr:

buýrujynyň- gurluşykçynyň diwanynyň sany  4-nji Goşunda laýyklykda sanynyň hasaplanylan görkezijilerinden ýokary bolmaly däldir;

aýlyk haklary Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilmelidir.

garyşyk maýa goýumlaşdyrylýan obýektleriň gurluşygynda müdirýeti saklamak üçin çykdajylary kesgitlemek üçin (býujetiň serişdeleriniň we guramalaryň, kärhanalaryň we beýleki edara görnüşli taraplaryň we şahsy taraplaryň hususy serişdeleriniň hasabyna), hasaplaşyklar şuňa meňzeş tertipde býujet assignowaniýeleriniň we maýa goýumçylaryň hususy serişdeleriniň çykdajy edilmeginiň proporsiýalaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýarlar.

 

1-nji Goşundy
gurluşyk we abatlaýyş işleriň bahasyny kesgitlemegiň Tertibine

INDEKSLER
düýpli gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleri üçin gündelik nyrhlarynyň binýatlaýyn derejesi babatda üýtgeşmeleri

Işleriň ady

Indeks

Ähli pudaklar boýunça gurluşyk-gurnama işleri (suw hojalygy gurluşygynyň, awtomobil ýollarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ulag turbageçirijileriniň obýektlerinden başgalary)

160

Enjamlar

160

Suw hojalygy obýektlerinde gurluşyk-gurnama işleri

88

Inženerçilik ulgamlarynyň we ulag turbageçirijileriniň gurluşygy, şol sanda nebit we gazgeçirijileriniň gurluşygy

280

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy

90

Düýpli abatlaýyş işleri, awtomobil ýollarynda düýpli abatlaýyş işleri

114

 Burawlama işleri

126

Taslama-agtaryş işleri

68

Gurluşyk-gurnama işlerine girmeýän, beýleki işler

28

Amal işleri

82

Buýrujynyň müdirýetini saklamak

74

Aýlyk haklary

300

Gurluşyk maşynlaryny we mehanizmlerini ulanmak (suw hojalygy obýektlerinden başga)

96

Gurluşyk maşynlaryny we mehanizmlerini ulanmak (suw hojalygynyň obýektleri üçin)

80

 

Bellik:

Binýatlaýyn nyrhlaryň milli walýuta bolan gatnaşygy şertli 1:50 kesgitlenilýär

 

2-nji Goşundy
gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň Tertibine

Gurluşyk-gurnama we abatlaýyş-gurluşyk işleri üçin goşmaça  çykdajylarynyň çäklendirilen kadalary

Potratçylaryň ady

Göni çykdajylaryň jeminden göterimlerde

I. Gurluşyk-gurnama işleri

 

Kärhanalar, guramalar we edaralar üçin:

 

Türkmenistanyň suw hojalygy Ministrligi

14,6

Türkmenistanyň gurluşyk Ministrligi

14,8

“Türkmenenergogurluşyk” Konserni

13,5

“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserni

11,1

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar Ministrligi

14,2

Türkmenistanyň aragatnaşyk Ministrligi

14,7

“Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni

14,6

“Türkmenobahyzmat” Assosiasiýasy

14,4

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan beýleki potratçylar

12,4

II. Abatlaýyş işleri

 

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli potratçylar

12,7

3-nji Goşundy
gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň Tertibine

Gurnama we ýörite gurluşyk işleri üçin goşmaça  çykdajylarynyň çäklendirilen kadalary

Işleriň ady

Çykdajylaryň göterimlerdäki goşmaça lary

Esasy önümçiligiň işçilerine zähmet hakynyň tölegleri üçin serişdeleriň jeminden

Göni çykdajylaryň jeminden

 

 

 

 

1

Enjamlaryň gurnamasy

62

 

2

Radiotelewizion we elektron enjamalrynyň gurnamasy

71

 

3

Aragatnaşyk ulgamlaryny geçirmek we gurnamak

85

 

4

Aragatnaşygyň halkara liniýalaryny geçirmek we gurnamak

133

 

5

Elektrikgurnama işleri

72

 

6

Demir ýollarynda signalizasiýany, merkezleşdirmäni, blokirowkany we aragatnaşygy gurnamak

62

 

7

Uçarlary gondurmak üçin serişdeleri we aerodromlarda howa hereketini dolandyryjy ulgamlaryny gurnamak

78

 

8

Metaldan düzütleriň gurnamasy

 

8,6

9

Içerki sanitariýa-teniki işleri

 

13,3

10

Senagatyň pudaklarynda ýerasty dag-düýpli işleri

 

27,1

11

Burawlamapartlama işleri

 

17,3

12

Suwda burawlama işleri

 

17,0

4-nji Goşundy
gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň Tertibine

Bir ýyl üçin maýalyk goýumlarynyň göwrümine baglylykda buýrujynyň-gurluşykçynyň işgärleriniň sany

 

Bir ýyl üçin maýalyk goýumlarynyň göwrümi binýatlaýyn nyrhlarda, goşulan bahanyň üstüne salgydy hasaba almazdan,

müň manat

Işgärleriň sany

20

2

40

4

60

6

80

8

100

10

140

12

200

15

260

18

320

21

400

25

520

30

640

35

760

40

880

45

1 000

50

1 100

52

1 240

54

1 400

57

1 600

61

1 800

64

2 000

67

2 200

71

2 400

75

2 600

78

2 800

82

3 000

85

Bellikler:
1. Sanynyň derejeleriniň aralyk görkezijileri zerur ýagdaýlarda interpolirlemek bilen kesgitlenilýär.
2. Buýrujynyň-gurluşykçynyň diwanynyň sany maýalyk goýumlarynyň ýyllyk göwrüminiň 3 mln. manatdan ýokary bolan ýagdaýynda, ýokarda görkezilen jemden ýokary her bir 60 müň manat üçin bir birlige köpelýär.

Materialyň derejesi:

Kadalaşdyryjy resminamalar