“Buig” kompaniýasy Aşgabatda “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky we “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda bu Banklaryň edara binalarynyň taslamasyny düzmek we ony kompýuter, mebel hem-de beýleki zerur tehniki enjamlar we serişdeler bilen doly enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy bilen şertnama baglaşar;

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we binalary 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.