“Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy Kaka etrabynda dokma toplumyny gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda önümçilik kuwwatlylygy bir ýylda 3650 tonna kompakt penýe (tüýsüz) görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary öndürýän, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1,2 million sany taýýar tikin önümini öndürýän dokma toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlaşdyryp, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Britan Wirgin adalarynyň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy bilen şertnamany, daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, hünärmenleri taýýarlamak we ornaşdyrylan tilsimat enjamlary üçin dokma toplumy işe girizilenden soň, iki ýylyň dowamynda ätiýaç şaýlary bilen Kompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna üpjün etmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň mart aýynda başlamak we dokma toplumyny 2021-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.