Türkmenistanyň gurluşyk Ministrliginiň 21.10.2010ý. “Türkmenistanyň seýsmiki etraplarynda taslamalaşdyrmagy we gurluşygy alyp barmagyň tertibi barada” №МВ-141 belgili buýrugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji iýunyndaky №10464 belgili kararyny ýerine ýetirmek üçin we Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 26-njy awgustyndaky №4331 “Türkmenistanyň çäklerinde obýektleriň gurluşygynyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak barada” karary bilen Türkmenistanyň Gurluşyk Ministrliginiň üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda

B U Ý U R Ý A R Y N:

 


1. Seýsmikligi 7, 8, 9 we ondan köp ballly etraplarda gurluşyk üçin jaýlar we desgalar taslamalaşdyrylanda, gurluşyk meýdançasynyň seýsmikligini kesgitlemekde şu aşakdaky talaplary goldanmak zerurdyr:

- ýaşaýyş, raýat we önümçilik niýetli obýektler üçin TGK 2.01.08-99* “Seýsmiki etraplarda gurluşyk işleri. 1-nji Bölüm. Ýaşaýyş, jemgyýetçilik, önümçilik jaýlary we desgalary”;

 
- gidrotehniki we ulag niýetli obýektleri üçin TGK 2.01.08-01 “Seýsmiki etraplarda gurluşyk işleri. 2-nji Bölüm. Gidrotehniki desgalary. 3-nji Bölüm. Ulag desgalary”;

- turbageçirijili inženerçilik ulgamlary we desgalary üçin TGK 2.01.08-05 “Seýsmiki etraplarda gurluşyk. 4-nji Bölüm. Turbageçirijili inženerçilik ulgamlary we desgalary”.

Gurluşyk üçin ýer meýdançasynyň bölünip berilmeginiň öňünden, şäheriň çäkleriniň seýsmiki taýdan mikroetraplaşdyrylmasynyň kartasyna laýyklykda amala aşyrylýan, taslamalaşdyrylýan obýektiň etrabynyň başlangyç seýsmikligini takyklamak meselesi ýerine ýetirilmelidir, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky binagärlik-gurluşyk gözegçilik Milli Komitetiniň 1999-njy ýylyň 20-nji sentýabryndaky №9НК  belgili bilen tassyklanylan we Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan 2000-nji ýylyň 1-nji martynda kadalaşdyryjy-hukuk namasy hökmünde  №233 belgi bilen hasaba alnan Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmiki etraplaşdyrylmasynyň Milli kartasyna (SEMK-99) laýyklykda takyklamak meselesi ýerine ýetirilmelidir.

 

2. Seýsmikligi 9 balldan ýokary bolan meýdançalarda döwlet we beýleki obýektleriň ýerleşdirilmeginiň zerurlygy Buýrujy tarapyndan, taslamadan öňki döwürde (Buýrujyda gurluşygyň başga meýdançasynyň ýoklugy, önümçilik toplumynyň tehnologiki aragatnaşygyny saklamak we ösdürmek, hojalyk zerurlygy, şu çäklerde obýektiň gurluşygynyň ykdysady taýdan maksada laýyklygy we başga sebäpler) şäheriň (etrabyň, welaýatyň) baş binagäri bilen bilelikde esaslandyrylýar.

Beýle ýagdaýda Buýrujy şu aşakdakylary almalydyr:

- gurluşyk meýdançasy boýunça inženerçilik-geologiýa agtaryş işleriniň materiallaryny (çuňlugy azyndan 10 metre çenli); 
- ballaryň onlarça bölegine çenli takyklyk bilen, gurluşyk meýdançasynyň takyklanylan seýsmikligi barada maglumatlar; 
- ýüze çykarylan seýsmikligi nazara almak bilen jaýlaryň we desgalaryň fundamentleriniň esaslarynyň hasaplanylan görkezijileri. 

 

3. Türkmenistanyň Gurluşyk Ministrligi, Buýrujydan şu aşakdaky resminamalary alandan soňra, seýsmikligi 9 balldan ýokary meýdançalarda jaýlary we desgalary ýerleşdirmegiň meselesi boýunça çözgüdi kabul edýär:

- ýokary seýsmiklik şertlerinde gurluşyk üçin meýdançany saýlap almagyň esaslandyrmasy; 
- inženerçilik-geologiki agtaryş işleriniň maglumatlarynyň esasynda, seýsmiki häsiýetleri boýunça topraklaryň derejesini kesgitlemegiň netijeleri;

- Türkmenistanyň Gurluşyk Ministrliginiň seýsmiki durnukly gurluşygy Ylmy-barlag institutynyň  (SDGYBI, Inženerçilik seýsmologiýa ýarlaghanasy) gurluşygyň meýdançalarynyň hasaplanylan seýsmikligine baha bermek boýunça netijenamalary ýa-da SDGYBI-nyň kabul edilen usulýetine laýyklykda ýerine ýetirilen olaryň taslamalaşdyrýan obýektleri üçin “Türkmendöwlettaslama”Döwlet taslama Ylmy-önümçilik birleşiginiň netijenamalary;

- Türkmenistanyň Gurluşyk Ministrliginiň seýsmiki durnukly gurluşygy Ylmy-barlag institutynyň (SDGYBI, Seýsmiki durnukly desgalaryň barlaghanasy) jaýlary we desgalary taslamaşdyrmak we emeli esaslarynyň (ýassyklaryny) inženerçilik taýýarlygy boýunça maslahatlary.

 

4. Gurluşygyň meýdançasynyň seýsmikliginiň takyklanylmagy barada netijenama, seýsmiki durnukly gurluşygy Ylmy-barlag institutynyň maslahatlary we seýsmikligi  9 balldan ýokary  meýdançada  taslamalaşdyrmak we gurluşyk işleri üçin Türkmenistanyň Gurluşyk Ministrliginiň rugsady, gurluşygyň obýektini taslamalaşdyrmak üçin Buýruja berilýärler.

 

5. Türkmenistanyň çäklerinde seýsmiki etraplarda taslamalaşdyrmagy we gurluşyk işlerini alyp barmagyň görkezilen Tertibi, Türkmenistanyň çäklerinde şeýle işleri amala aşyrýan ähli maýa goýumçylar we Buýrujylar üçin hökmanydyr.

 

6. Türkmenistanyň GM-niň döwlet ekspertizasynyň Baş müdiriligi, seýsmikligi 9 balldan ýokary bolan meýdançada ýerleşýän obýektleriň taslama resminamalarynyň ekspertizasyny, şu Tertibiň talaplaryny berk goldanmak bilen amala aşyrmaly.

7. Türkmenistanyň gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty Ministrliginiň 2001-ni ýylyň 15-nji oktýabryndaky №1-МС  belgili Kararyny güýjüni ýitirdi diýip hasap etmeli.

 

 

MINISTR                     J.Baýramow