Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.

Milli Liderimiz göni aragatnaşyga, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi çagyrdy. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulýan ideg işleri barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ýetişdirilen galla hasylyny iň soňky dänesine çenli ýygnap almak üçin möwsümi gije-gündiziň dowamynda guramaçylykly alyp barmak, galla oragynda işlediljek kombaýnlaryň, hasyly daşajak awtoulaglaryň sanyny kesgitlemek we olary möwsüme doly taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy.

Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz bu jogapkärli işe çekilenleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi. Bar bolan ammarlaryň, kabul ediş bölümleriniň taýýarlyk meseleleri degişli derejede üns merkezinde saklanylmalydyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ekerançylar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, boşan meýdanlara gök-bakja ekinlerini, mekgejöwen ekmek, gowaçalara we beýleki ekinlere ideg etmek, olary zyýankeşlerden goramak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmagy babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitde tomusky dynç alyş möwsümine, şanly senelere we “Soňky jaň” dabaralaryna ykjam taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berip, bu çäreleriň ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini belledi.

Milli Liderimiz yssy günleriň başlanandygyny, şoňa görä-de welaýatda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini aýratyn belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, täze desgalaryň gurluşygynyň barşy, şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim öňde boljak baýramçylyk çärelerine, mekdeplerde “Soňky jaň” dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýetip gelýän galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň barşyny berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak maksady bilen, möwsüme dahylly ähli düzümleriň utgaşykly işini üpjün etmek boýunça ýörite meýilnamanyň taýýarlanylmagyny talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygy baradaky meselä ünsi çekip, wagty oňaýly geçirmek, çagalaryň we ulularyň saglygyny berkitmek üçin şertleriň üpjün edilmegi boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi hem-de Awazanyň türkmenistanlylar üçin, aýratyn-da, ýaşlar üçin arzyly künjek bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan dabaralaryň mekdep uçurymlary üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ekin dolanyşygyny agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek, gök-bakja ekinlerini öz wagtynda ekmek we olara degişli idegi üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we beýleki ekinlere edilýän idegler, welaýatyň daýhan hojalyklarynyň galla oragyna taýýarlygy, sebitde gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň çagalar sagaldyş merkezleriniň tomusky möwsüme taýýarlygy barada habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň okuw mekdeplerinde “Soňky jaň” bilen baglanyşykly dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini, galla oragyna taýýarlyk işleriniň barşyny, oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işlemegini, ammarlaryň taýýarlygyny, gallaçylaryň zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda ekin dolanyşygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew çagyryldy. Sebitiň ýolbaşçysy galla oragyny guramaçylykly we çalt geçirmek üçin görülýän taýýarlyk barada aýdyp, galla oragyna taýýarlygyň çäklerinde möwsümde işlediljek kombaýnlaryň we awtoulaglaryň sanawynyň kesgitlenendigini, olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, kabul ediş bölümlerini degişli derejede taýýarlamak babatda zerur işleriň görlendigini habar berdi.

Welaýat häkimi hasabatyň çäklerinde öňde boljak “Soňky jaň” mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna, şeýle hem tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri, dürli desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk çäreleriniň gallaçylar üçin göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegini öz içine alýandygyny nygtap, medeni çäreleriň guralmagyny yzygiderli ýola goýmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz “Soňky jaň” dabaralarynyň mekdep okuwçylary üçin iň bir täsirli wakadygyny belläp, bu çäreleriň olaryň hemişelik ýadynda galar ýaly derejede guralmalydygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Welaýat häkimi öz hasabatynda sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, galla oragyna taýýarlyk meseleleri, şeýle hem gowaça we beýleki ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak, tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça ýörite meýilnama taýýarlanyldy.

Häkim şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň depgini, gurulýan binalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilişi barada aýdyp, olaryň gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanjakdygyna ynandyrdy.

Milli Liderimiz galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, anyk meýilnamanyň taýýarlanmagynyň, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin gije-gündizleýin işi guramagyň zerurdygyny belledi. Şunda bugdaýdan boşan meýdanlara dürli oba hojalyk ekinlerini ekip, ekin dolanyşygy ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz yssy günleriň başlanandygyny belläp, welaýatyň ähli ýerlerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine üns bermegi, aýratyn-da, galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, däne orujy we beýleki ýörite enjamlaryň galla oragyna taýýarlanylyşy, ammarlaryň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer orak möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada aýdyp, bu maksatlar üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Döwlet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasylyň gysga möhletde we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Milli Liderimiz Döwlet toparyny döretmek hakyndaky teklibi oňlap, degişli resminama gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredow toplumyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler hem-de 23 — 24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda IХ Halkara gaz kongresini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer halkara maslahata 70-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmaga isleg bildirendigini habar berdi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça “tegelek stoluň” başynda işjeň pikir alyşmalar guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň işini häzirki zaman derejesinde mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaga öňdebaryjy tejribäniň, innowasiýa tehnologiýalaryň we döwrebap ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeli ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ünsi çekip, wise-premýere IХ Halkara gaz kongresiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, onuň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň inženerçilik-tehniki düzümleriniň, jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, şäherde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek, şeýle hem seýilgäh zolaklarynda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnama barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şäheriň ähli düzümleri öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak, tomusky dynç alyş möwsümine guramaçylykly taýýarlanmak, şeýle hem gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda sazlaşykly hereketi amala aşyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, Ministrler Kabinetiniň 17-nji maýda geçirilen mejlisinde Aşgabat şäherinde geçirilýän abadanlaşdyryş işleriniň depginlerine nägilelik bildirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ol işleriň hiliniň halkara ülňülerine hem-de türkmen paýtagtynyň belent derejesine laýyk gelmelidigini aýdyp, häkimden geçirilýän işleri has netijeli ýola goýmak boýunça degişli çäreleri görmegi berk talap etdi.

Emma häzirki wagtda bu işler göwnejaý derejede ýola goýulmady diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi häkimden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň gününe, mekdeplerde “Soňky jaňa” görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, ähli meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejede geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işlerine jogapkärli çemeleşilmegine ünsi çekip, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu günki wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.