Syýasat habarlary «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda halkara sergisini geçirmek hem indi asylly däbe öwrüldi.

«Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň Aziýanyň merjen paýtagtynyň şäher gurluşygynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynanýaryn. Bu köpugurly sergi bu ugurdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin ýolgörkeziji bolar, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder.

Bilşimiz ýaly, bu sergi häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Şäher gurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň ornaşdyrylmagy hem-de gurulýan binalara milli binagärlik sungatynyň dürdäneleriniň siňdirilmegi esasynda paýtagtymyz has-da gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolýar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!

Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatarlary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

2017-nji ýylda Orta Aziýa sebitiniň merkezi şäheri bolan ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýokary guramaçylykly, örän täsirli hem-de şowhunly halkara sport dabarasy hökmünde dünýäde uly seslenme döreden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Bu iri halkara sport çäresi bütin dünýä ýaň saldy we biziň baş şäherimiz dünýäniň iri sport merkezine öwrüldi. Nesip bolsa, bu ajaýyp sport toplumynda şu ýylyň güýz paslynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem geçiriler.

Şu gezekki sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrylýan meýdança öwrüler. Bu sergi Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrar.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçirilýän şu serginiň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW