Ýurdumyzyň keşbi binagärlikde öz beýanyny tapýar

Binagärlik döwletiň ykdysady ýagdaýynyň we jemgyýetde bolup geçýän durmuş-medeni ösüşleriň beýany bolup, ýurduň aýdyň keşbini kemala getirýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi”  atly žurnal maglumat-seljeriş çemeleşmäniň ýörelgeleriniň esasynda Diýarymyzyň şähergurluşyk we taslama işi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şäherleriň we obalaryň  sazlaşykly keşbini kemala getirmek hem-de ilatymyz üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek ulgamynda häzirki zaman ugurlaryny şöhlelendirýär.  

Neşiriň sahypalarynda iň gowy milli tejribe, gurluşykda iň täze tehnologiýalary ulanmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan   gyzykly binagärlik taslamalary baradaky makalalar bilen tanşyp bolar. Žurnal öňdebaryjy tehnologiki hem-de inženerçilik işläp taýýarlamalara, ekologiýa we estetika meselelerine hem-de Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini we geljegini açyp görkezýän beýleki meseleleriň birnäçesine aýratyn üns berýär.

Golaýda neşiriň ikinji sany çapdan çykdy. Žurnal “Eýýamyň ruhy we mazmuny - binagärlik  keşplerde” atly makala bilen açylýar. Onda Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanylyp, şu ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda açylan hem-de döwrümiziň ajaýyp keşbini aýdyňlyk bilen görkezýän binalar barada gürrüň berilýär. Bular öz milli Lideri bilen halkyň jebisligidir  (“Arkadag” binasy), abadançylykdyr we parahatçylykly ösüşdir (“Abadançylyk”), täze maksatlara we belentliklere ymtylyşdyr (“Ýyldyz”), ylmy çemeleşmäniň ileri tutulmagydyr (“Ylym”), azyk bolçulygyny döretmekdir (“Ak bugdaý”),  durmuşyň özeni bolan saglykdyr we sportdur (“Sagdynlyk”). Bu düşünjeleriň ählisi köptaraplydyr. Olaryň her biriniň aňyrsynda özgertmeleriň pelsepesi, döredijiligiň belent ruhy hem-de Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlarynyň tutuş ulgamy bar.

Binalaryň çeper görnüşleri çuňňur manyly pikirleri ýüze çykaryp, türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini baý many-mazmuna eýe edýär. Ykdysady we medeni durmuşyň uly şäher merkezinde jemlenmegi, gurluşygyň giň gerimde alnyp barylmagy, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagy, halk çeperçilik däpleriniň ornunyň güýçlenmegi Türkmenistanda binagärlik sungatynyň ösmegine ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan hem-de ýurdumyzda täzelikleriň başyny başlaýan deňsiz-taýsyz özgertmeler uly ähmiýete eýe boldy. Olaryň sungatda beýan edilmegi bolsa işe täzeçe we döredijilikli çemeleşmegi talap etdi.

Žurnalyň täze sany “Gurmak we döretmek - Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş şygary” atly makala bilen dowam etdirilýär. Onda, hususan-da, iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlan nobatdaky iri şähergurluşyk taslamasy barada gürrüň berilýär. Gürrüň paýtagtymyzy gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň 15-nji nobatdakysy – ýene-de bir döwrebap ýaşaýyş toplumy barada barýar. Bu toplum ähli görkezijiler babatda häzirki zaman ölçeglerine doly laýyk geler. Paýtagtymyzyň Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda ýerli gurluşyk kompaniýalary ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça onlarça desgany gurarlar. Şol desgalaryň hatarynda 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, üç we dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 16-sy we iki gatly kottejleriň 208-si, durmuş ulgamynyň edaralary hem-de kärhanalary üçin niýetlenen binalar bar. Şol ýerde seýilgäh zolaklaryny döretmek we awtoulag ýollaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Ýaşaýyş jaý gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagy netijesinde her ýyl Aşgabatda maşgalalaryň müňden gowragy ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýlaryny tutýar. Döwlet Baştutanymyzyň bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde, diňe bir ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, kottej görnüşdäki jaýlary gurmak baradaky tabşyrygy hem bu ulgamda goýlan maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna, şeýle hem ýaşaýjylaryň şahsy isleglerine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlaryny seçip almak babatda raýatlarymyzyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam edýär.

Žurnalyň bir makalasy paýly gurluşygy ösdürmek, gurluşykçylaryň hem-de paýçylaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepillikleri bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň kanunçylyk gurallaryny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanýar. Onda “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga desgalaryň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna girizilen käbir üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň, onuň käbir düzgünleriniň, şol sanda eýeçilik hukugyny resmileşdirmäge degişli düzgüniň kämilleşdirilmeginiň many-mazmunyna düşündiriş berilýär. Maýa goýum işiniň bir görnüşi hökmünde Türkmenistanda paýly gurluşygyň ösdürilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş jaýlaryny almak mümkinçiligini giňelder, onuň ykdysady elýeterliligini ýokarlandyrar, ýurdumyzda gurluşygyň geriminiň has-da giňelmegine ýardam eder.

“Hünärli elleriň gudraty” atly makalada okyjylara “Ezber gurluşykçy” hünär bäsleşigi barada gürrüň berilýär. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guraldy. Bäsleşigiň birinji tapgyry ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. Oňa gurluşyk pudagynda zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanýan köpsanly gurluşyk edaralary gatnaşdylar.

Öňe saýlanan gurluşyk önümçilik birleşikleri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu bäsleşik Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Täze zaman obasynda geçirildi. Düzümine  tejribeli hünärmenler giren eminler toparynyň agzalary kärdeşleriniň ussatlygyna 5 görkeziji – kerpiç örmek, beton guýmak, diwar suwamak, diwar reňklemek we aýna goýmak ugurlary boýunça baha berdiler. Eminler ýeňijileri seçip almakda ýerine ýetirilen işleriň hilini we möhletini göz öňünde tutdular.

Hünär ussatlygynyň gözden geçirilişi örän gyzykly bolup, gurluşyk işiniň  öňdebaryjy usullaryny, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň,  işçi hünärlerini giňden wagyz etmegiň täsirli usulyna öwrüldi.

“Gurluşyk senagaty pudagy: gazanylýan üstünlikler, geljegiň möhüm ugurlary” atly makalada bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary barada gürrüň berilýär. Şu ýylyň ýazynda Aşgabatda geçirilen iri sergileriň ikisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň giň gerime eýedigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Olaryň hatarynda Halkara gurluşyk sergisi bar, oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si diwarlyklaryny görkezdiler. Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly XIV halkara köpugurly sergi geçirildi. Oňa kompaniýalaryň we kärhanalaryň 130-a golaýy, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-sy gatnaşdy. Sergä    gatnaşanlar türkmen ykdysadyýetiniň okgunly ösýän ulgamy hökmünde gurluşyk pudagynda netijeli işleýärler.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň, Türkmenistanda dünýäniň işläp taýýarlaýjylarynyň iň netijeli tehnologiýalaryny ilerletmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny hem  bellemelidiris.

Bu forumlaryň many-mazmuny hem-de maglumatlara baý bolmagy dürli ýurtlaryň maýadarlarynda we potratçylarynda uly gyzyklanma döretdi. Forumlaryň çäklerinde ylmy maslahatlar hem geçirildi. Sergileriň Türkmenistanda seýsmiki taýdan durnukly gurluşyklaryň ösüşi, bu ulgamda hünärmenlerimiziň geljegi  uly işläp taýýarlamalary bilen baglanyşykly meselelere hem aýratyn üns berlendigini bellemelidiris. Bu ulgamy dolandyrmak sebit, milli we ýerli derejelerde möhüm ähmiýetli mesele hasaplanylýar. Bu meseläniň wajypdygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmagy hem tassyklaýar.

“Ýaşaýyş jaýlarynda energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmagyň ýollary” atly makalada gozgalýan möhüm mesele bolsa diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem gyzyklydyr. Hususan-da, onda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşygy pudagynda energetika üpjünçiligini gowulandyrmak” taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berilýär. Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Bu taslamanyň esasy ugry binalarda energiýa üpjünçiligi ulgamynda iň gowy tejribäni ýüze çykarmak we ýaýratmak, ony desgalaryň taslamalaryna giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa üpjünçiliginiň netijeliliginiň artdyrylmagy dikeldilýän energiýany ulanmagyň giňeldilmegine hem-de bug gazlarynyň zyňyndylarynyň ep-esli azaldylmagyna ýardam eder. Munuň özi Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň ýerine ýetirilmegine saldamly goşant bolar.

Makalalaryň ýene-de biri iri şäherler we senagat merkezleri üçin arassa agyz suwunyň çeşmesi hökmünde ýerasty süýji suwlary rejeli ulanmagyň hasabyna Türkmenistanda suw üpjünçiligini guramagyň mümkinçiliklerine bagyşlanýar. “Gurluşyk ulgamynda hil boýunça täze tapgyra geçmegiň ýollarynda” atly makala bolsa hünärmenler üçin niýetlenendir. Onda dürli desgalaryň gurluşygynda çagyl-çäge garyndysyndan emeli esaslary ulanmak boýunça toplanan tejribe, binanyň binýadyny daşky basyşlaryň täsirinden goramagyň hasaplamalarynyň täze usullary barada gürrüň berilýär.  

Žurnalyň şu sanynda “Suwadoýgun teýgumlaryň seýsmiki häsiýetleriniň dinamikasy” atly makala hem ýerleşdirildi. Onda Aşgabadyň çägine goşulan täze çäkleriniň çaklaýyş seýsmiki kartasyny işläp taýýarlamak üçin ýörite barlaglary geçirmegiň zerurdygy esaslandyrylýar.

“Gadymy Merw” syýahatçylyk toplumy” atly makalanyň hem okyjylaryň ünsüni özüne çekjekdigi şübhesizdir. Ol “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghananyň goralýan zolagynda syýahatçylyk düzümini döretmek boýunça işlenip taýýarlanan çyzgylar bilen bezelipdir. Täsin taryhy ýadygärlikleriň sany boýunça bu arheologiýa toplumy Türkmenistanyň çäginde iň ulularyň biridir. 1999-njy ýylda ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu ýerde syýahatçylara we arheologlara hyzmat etmek üçin ulgamyň guralmagy milli mirasyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe bu işiň täze usullaryny gözlemäge çagyrýar. Žurnalyň sahypasynda ýerleşdirilen binagärlik – bezeg çyzgysy köpugurly syýahatçylyk toplumyny mundan beýläkki taslamasy üçin esas bolup biler.

Neşir “Ylma goşant” atly makala bilen jemlenýär. Onda “Dehistanyň binagärlik medeniýeti” kitaby barada gürrüň berilýär. Bu kitap Günorta-Gündogar Hazar sebitindäki taryhy ýerleriň täsin binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Gadym döwürlerde bu sebit Girkaniýa, orta asyrlarda Dehistan ýa-da Maşat-Misrian diýlip atlandyrylypdyr...

Şeýlelikde, neşiriň täze sany diňe bir ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň şu gününiň wajyp ugurlary bilen ýakyndan tanyşmaga däl-de, geljege nazar aýlamaga, milli binagärligiň täsin mirasyny, beýik inženerçilik we çeperçilik açyşlary özünde jemleýän geçmişe ýüzlenmäge hem mümkinçilik berýär.