Ak şäher Aşgabat: Bauhauz moderniniň Aziýa mahsus özleşdirilişi

«Bauhauzyň ýüzýyllygy bellenýän ýylda Germaniýa bilen Türkmenistanyň arasynda gurluşyk medeniýeti babatda alyşyk»- ine, şeýle şygar bilen Aşagabatda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ilçihanasynyň başlangyjy esasynda nemes we türkmen binagärliginiň bilelikdäki birinji sergisi açyldy.

Germaniýaly arhitektor Filipp Moýzeriň we onuň kärdeşleriniň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «binagärlik» ugrundan bilim alýan türkmen talyplary üçin geçiren ussatlyk sapagy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan serginiň üstüni ýetirdi.

Bu sergi we onuň bilen birlikde geçirilen çäreler Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň arasynda medeni alşyklary giňeltmek boýunça ädilen ýene bir ädim boldy. 2019-njy ýylda munuň üçin degerli sebäp döredi: çünki, dünýäde iň belli nemes binagärlik we dizaýn mekdebi bolan Bauhauzyň döredilenine şu ýyl ýüz ýyl dolýar.

Bu ideýa taýdan täsirli mekdepde dörän binagärlik ýörelgeleri Türkmenistanda ýerli binagärlige düşünmek babatda gyzyklanma döredýär, çünki Bauhauz hereketiniň wekilleriniň aglabasy özüni «ak moderne» eýerýänlerden saýýardylar. Sergi hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak, Aşgabatda binagärlik bilimini höweslendirmek we iki ýurduň arasynda mundan beýläk hem gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açdy.

1919-njy ýylda döredilen Bauhauz mekdebi Germaniýada gurluşyk medeniýetini özgertmek, şeýle hem sungat bilen durmuşy baglaşdyrmagyň esasy talaplaryna eýerilmegi ugrunda çykyş etdi. Taslamalary taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşýänligi sebäpli ol köp babatda dürli ylymlary özüne jemleýän häsiýete eýe boldy. Öňdebaryjy nusgawy modernizmiň düýbüni tutan mekdep diňe bir ХХ asyryň binagärligine, sungatyna we dizaýnyna täsir etmek bieln çäklenmedi, onuň öňden görüjilikli taslamalarynyň hem-de ideýalarynyň täsiri häli-häzirem duýulýar.

Walter Gropiusyň Dessauda döreden dizaýn ýokary mekdebi 1925-njy ýyldan tä 1932-nji ýylda milletçi-sosialistler tarapyndan ýapylýança gülläp ösüpdi. Mekdep Berline göçüp gelenden bir ýyl soň gutarnykly ýapylypdy.

Aşgabat sergisinde täzeçil, başgaça aýdylanda, binagärligiň internasional häsiýeti bilen tapawutlanýan we Germaniýada ХХ asyryň has ähmiýetli binagärlik nusgalary hasaplanylýan binalaryň hem-de ilatly ýerleriň onusynyň suratlary ýerleşdirilipdir.

Bauhauz bilen bir wagtda Moskwada 1920-nji ýylda bilim beriş ýörelgesi Bauhauzyň ideýalaryna kybapdaş ýokary okuw mekdebi –WHUTEMAS açylypdy, ol sowet döwri Aşgabadyň binalaryna täsirini ýetiripdi. Sergide Germaniýadaky binalar Türkmenistandakylar bilen deňeşdirilýär, ýurdumyzda ХХI asyryň başynda döwlet derejesinde ak binagärlik ýörelgesi durmuşa geçirildi.

Aşgabadyň häzirki keşbini döretmekde ilkinji ädimler geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda ädilipdi, şol döwürde gurlan dokma fabrigi 1948-nji ýylyň ýer titremesinde-de abat galypdy we häzirem öňki durkuny saklaýar. Konstruktiwizm eýýamynyň senagat binagärliginiň bu ýadygärligi Bauhauzyň döwürdeşidir, durky täzelenenden soň ol täze keşbe girer. Sergide esasan «ak binagärlik» ýörelgesiniň talaplaryna doly kybap gelýän häzirki Aşgabadyň binalaryna üns berildi.

Şeýle çalt depginlerde we şeýle bütewi, ählumumy ýörelgeli ösýän şäher tapylmasa gerek. Bu usul, göz öňünde tutulyşy ýaly, keşpleriň, gurluş tilsimleriniň we bezeg materiallarynyň gaýtalanmagyna esaslanyp ýerlikli düzülendir.

ХХ asyryň günbatarly ählumumy dizaýnnyyň taglymatçylary öz ideýalarynyň köpüsiniň onlarça ýyldan soň Gündogarda şeýle uly möçberde durmuşa geçiriljekdigi barada pikirem eden däl bolsalar gerek. Häzirki zaman türkmen binagärliginiň ýörelge bütewiligi ak reňkiň diňe bir binalaryň daşky keşbinde däl, eýsem ýadygärlikleri bezemekde-de, hat-da şäher dizaýnynyň detallarynda-da ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Ak reňkiň owadanlygy esasy bezeg materiallary hökmünde mermerdir alýukobandyň kömegi bilen gazanylýar. Olar binalaryň görnüşine we ähmiýetine garamazdan ulanylýar. Ozal suwalan ýa-da betondan gurlan köne jaýlara-da şeýle gurluşyk materialary goýuldy.

Ozalky ikinji derjeli şäherliginden doly saplanan we çägi ep-esli artan, binagärlik toplumlarynyň özboluşly yşyk bezegleri bilen göreni haýrana goýýan Aşgabat Bauhauz ussatlarynyň täzeçil binalarynyň derejesinden-de has öňe geçdi. Iň esasy zat – onuň özüne mahsus ýörelgesi peýda boldy.

Bütewi we takyk anyklaşdyrylan binagärlik ýörelgesini kemala getirmek häzirki döwürde bolup bilmejek ýagdaýdyr. Ýöne Aşgabat belli bir şertlerde munuň hem hötdesinden gelip bolýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bauhauzeniň sosiallyga gönükdirilen taslamalaryny ýada salmaga mejbur edýän häzirki zaman Aşgabadynyň şäher gurluşyk syýasatynyň esasy aýratynlygy hem hökümetiň we şäheriň dolandyryş edarasynyň ileri tutýan wezipelriniň hataryna girýän giň möçberli ýaşaýyş jaý gurluşygy maksatnamasydyr. Köpgatly jaýlardaky amatly öýler ýeňillikli karz berilmegi netijesinde girdejisi orta derejeli adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär, şol bir wagtda täze ýaşaýyş jaý sebitlerinde sosial-durmuş düzümleriniň kemala gelmegi bolsa aşgabatlylara dürli amatlyklar döredýär. Belent jaýlaryň gurluşygy bilen birlikde köp çagaly maşgalalar üçin ýany mellekli dört we iki gat jaýlar toplumynyň birnäçesi bina edildi.

Sergi, umuman Bauhauz eýýamy bilen häzirki döwrüň baglanşygyny açmaga kömek etdi. Munuň özi binagärligiň ugurlarynda-da, estetikasynda-da ýüze çykýar. Ak reňke we artyk detallardyr bezegler ulanylmaýan arassa şekillere jemgyýetiň ozalkysy ýaly islegi ýöne ýerden däldir.