Oktýabr aýynyň 11-13 aralygynda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň açyk kubogy geçirildi

 

Oktýabr aýynyň 11-13 aralygynda Özbegistan döwletiniň Daşkent şäherinde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň açyk kubogy geçirildi . Bu çempionata Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň toparlary gatnaşdylar. Türkmenistandan jemi 13 türgen gatnaşdy. Milli ýygyndymyzyň hatarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ''Gurluşyk we binagärlik sport kluby'' hojalyk müdirliginiň türgeni Walentina Meredowa 100 metr aralyga ylgamakda 2-nji orny eýeläp kümüş medaly gazanmagy aşardy. Walentina bu aralygy 12,06 sekuntda geçip 70-e golaý türgenlerden öňe saýlandy. Walentinanyň ilkinji halypasy Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Zimin Wadimow. Walentina noýabr aýynyň 7-8-ne geçiriljek ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň Kubogyna  gatnaşmaga taýýarlyk görýär