6-njy noýabrda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga aldy

6-njy noýabrda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga aldy. Basketbolyň 3x3 görnüşinden geçirilýän bu bäsleşige welaýatlaryň ählisinden aýallaryň we erkekleriň toparlary gatnaşýarlar. Çempionata Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň  'Gurluşyk we binagärlik sport kluby'' hojalyk müdirliginiň ''Gurluşykçy'' toparynyň oýunçylary Aýna Gökowa, Leýla Halilowa, Irina Sabansowa gatnaşyp, olara Bahar Mahtumowa ýolbaşçysylyk edýär. Erkekleriň arasyndaky ''A'' toparçada ''Aşgabat -1'', ''Balkan'', ''Daşoguz'', ''Serhetçi'', ''B'' toparçada ''Mary'',  ''Ahal'', ''Aşgabat -2'', ''Lebap'' toparlary bäsleşýärler. ''Gurluşykçy'' toparyndan Paşkow Aleksandr, Sapaly Zairow gatnaşyp, olara ussat halypa Myrat Atamedow ýolbaşçysylyk edýär. Aýal-gyzlaryň bäsleşigi 6 toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Bäsleşik şu aýyň 10-na çenli dowam eder. ''Gurluşykçy'' toparyna uly üstünlikleri arzuw edýäris.