''Türkmenistan-- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy''

 

10-njy martda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň sport zalynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda basketbol boýunça ''Türkmenistan--
ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy'' atly XI nji sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyry badalga aldy. Ýaryşlar sportuň görnüşleri boýunça hereket edýän halkara düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
Erkekler we zenanlaryň topary aýratynlykda 12 türgenlerden we bir eminden ybaratdyr. Jemi ýaryşa 5 zenanlar we 5 erkekler topary gatnaşýarlar. Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň "Gurluşyk we binagärlik sport kluby" hojalyk müdirliginiň basketbolçy zenanlary Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň toparyny 100-10 hasabynda utup ýeňiş gazandylar. Erkekler ýygyndy toparymyz Aragatnaşyk ministrliginiň toparyny 100-18 hasabynda ýeňmegi başardylar.