Lebap welaýaty magdan däl gazylyp alynýan gurluşyk materiallary bazarynda eýeleýän ornuny berkidýär

Lebap welaýatynyň günorta-gündogarynda, Garlyk şäherçesinde ýerleşýän magdan däl gayzlyp alynýan gurluşyk mäteriallaryny öndürýän karhanada tehnologik döwrebaplaşdyrmak işleri geçirilmegi netijesinde önümçilik görkezijileri dörtden bir esseden gowrak ýokarlandy. Munuň özi Amyderýä jülgesiniň we ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň täze gurluşyklaryna inert materiallary ibermegi ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Hususan-da, 2019-njy ýylyň jemi boýunça gurluşyk materiallarynyň şu görnüşiniň 1 million 230 müň kub metri çykaryldy. Şu ýyl hem kärhana ösüş ýolunda. Daş, daş owuntygy, çagyl we zerre daşlar dürli ähmiýetli gurluşyk binalaryna yzygiderli ugradylýar.

Dolandyryşyň kompýuter ulgamynyň we tehnologik işlere gözegçiligiň ulanylmagy önümçiligiň ähli ugurlarynyň takyk özara hereketini hem-de önümiň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitiniň ummasyz çig mal serişde ýataklary Lebap welaýatynyň we ýurdumyzyň beýleki sebitleriniň gurluşyk pudagynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Magdan däl gazylyp alynýan gurluşyk materiallary önümçiliginiň yzygiderli ösdürilemigini pudagyň ösüşiniň we uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň görekezijileriniň biridir.