''Türkmenistan--ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy'' atly XI nji sport basleşkleriniň küşt, göreş, woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlar tamamlandy.

''Türkmenistan--ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy'' atly XI nji sport basleşkleriniň küşt, göreş, woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlar tamamlandy.

Küşt bäsleşigi ''Küşt we şaşka'' mekdebinde geçirildi. Çekeleşikli basleşige jemi 10  topar gatnaşyp diýseň

çekeleşikli we dartgynly bäsleşik boldy. Netijede, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň "Gurluşyk we binagärlik sport kluby" hojalyk müdirliginiň "Gurluşykçy" erkekler we zenanlar ýygyndy  toparynyň ýokary derejeli  türgenleri üstünlikli çykyş edip hormatly 1-nji orny eýelediler. 2-nji orny Bilim ministrliginiň, 3-nji orny bolsa Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň topary eýelediler.

  Woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda ''Gurluşykçy'' toparymyzyň zenanlar ýygyndysy 2-nji orny, erkekler toparymyzyň türgenleri 3-nji ýeri eýelediler. Ýaryş Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli Dünýä dilleri institutynyň sport binasynda geçirildi.

''Köpetdag'' stadionynda milli göreş boýunça geçirilen bäsleşikde ''Gurluşykçy'' toparymyzyň ussat türgenleri hormatly 1-nji orna mynasyp boldular.