Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda ýurdumyzda ýaýbaňlandarylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly gurluşyk binalarynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna guralýan çäreler hem-de tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähiminden ugur alyp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe nusgalyk görelde görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda häkim aşgabatlylaryň arzuw-islegini beýan etmek bilen, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «2020-nji ýyl — Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda welosipedli ýörişi hem-de uzak aralyga ylgamak boýunça köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilleşdirilýändigini döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Milli Liderimiz Aşgabatda amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we onyň ähli görkezijiler babatda häzirki zaman şäherine mynasyp derejede nusga bolmagyny üpjün etmelidigini belläp, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda arassaçylyk we abadançylyk işlerini alyp barmak meselelerine üns bermek häkimligiň işiniň möhüm ugrudyr. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şäheriň abadanlaşdyrylyşyna, gök zolaklaryň döredilişine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz şäherde gurulýan desgalaryň hiline we bellenilen möhletde gurlup gutarylmagyna yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Gurluşyklarda öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ulanylyp, olar binalaryň ähmiýetine, gözellik hem-de ekologiýa talaplaryna doly gabat gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjenleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek, güýzlük ak ekinlere degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen birlikde, welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnama barada hem hasabat berildi. Şeýle hem häkim «2020-nji ýyl — Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çäreleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ekişiň depginini ýokarlandyrmagyň we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanyp, bu wajyp çäräni öz möhletinde tamamlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz pagtaçylaryň ýokary öndürijilikli zähmeti üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, ýokary hilli dökün hem-de gowaça tohumy bilen yzygiderli üpjün edilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edip, bol hasyl ýetişdirmek boýunça zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnamak üçin galla oragyna ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir.

Milli Liderimiz obasenagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmek we ony ösdürmek boýunça anyk wezipeler barada aýdyp, pudaklaýyn ylmyň gazananlarynyň, häzirki zaman usullarynyň we tehnologiýalarynyň tejribä giňden ornaşdyrylmagynyň dürli oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýaşaýyş-durmuş düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň wajypdygyny belläp, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, täze desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde uly şöhrat gazanan hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde gowaça ekişiniň barşy, ak ekin meýdanlarynda durmuşa geçirilýän möwsümleýin agrotehniki çäreler, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy we ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda häkim günbatar sebitde ählihalk baýramynyň bellenilýän gününde «2020-nji ýyl—Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çärelerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaz-meýdan işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary netijeli peýdalanmagyň, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi “ak altynyň” we bugdaýyň bol hasylyny öndürmegiň esasy şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça ekişi bilen bir hatarda galla oragyna kombaýnlary, awtoulag serişdelerini, däne kabul ediş bölümlerini we elewatorlary taýýarlamak işlerini talabalaýyk alyp barmagyň, galla oragy bilen baglanyşykly ähli meseleleri toplumlaýyn çözmegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök hem-de bakja ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň, welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajyp ugurlaryna ünsi çekip, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenilen möhletde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu günler sebitde ýaýbaňlandyrylan işler, şol sanda gowaça ekişiniň hem-de güýzlük bugdaýa ideg işleriniň gyzgalaňly barýan ekerançylyk meýdanlarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde şaly ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda hasabat berildi.

Şeýle hem häkim «2020-nji ýyl — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çäreleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ähli meýdan işleriniň tapgyrlarynyň toplumlaýyn esasda we ýerli toprak-howa şertleri nazara alnyp, ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şunlukda, halkymyzyň ekerançylyk babatda toplan baý tejribesi hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy netijeli ulanylmalydyr.

Şeýle-de, döwlet Baştutanymyz şaly ekmek üçin bölünip berlen ýerleri ýokary derejede taýýarlamak, onda öňdebaryjy usullary we ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny peýdalanmak babatda tabşyryklary berdi. Şeýle hem tohumlyk serişdeler doly derejede taýýarlanylmalydyr.

Milli Liderimiz ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, ekişiň depginini güýçlendirmek babatda anyk çäreleri görmegi tabşyryp, güýzlük bugdaý ekinleriniň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegini, ösüş suwunyň tutulmagyny öz içine alýan agrotehniki işler bilen bir hatarda, galla oragy möwsümine degişli tehnikalaryň, enjamlaryň, dänäni kabul edýän bölümleriň ýokary taýýarlyk derejesini öz wagtynda üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş we beýleki maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň we bellenilen möhletleriň wajypdygy barada aýdyp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, türkmen halkynyň gözelligi we çeýeligi bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewleri dünýä beren halkymyzyň gadymy däplere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli baýrama bagyşlanan köpçülikleýin medeni çärelere ýokary derejede guramaçylykly taýýarlyk babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, gowaça ekişini guramaçylykly we öz wagtynda geçirmek, bugdaýdan, şalydan, ýeralmadan, beýleki gök we bakja ekinlerinden bol hasyl almak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlygyň derejesi barada hasabat berildi.

Şeýle hem häkim behişdi bedewlerimiziň şanyna tutulýan türkmen toýunyň bellenilýän gününde «2020-nji ýyl — Türkmenistan —Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda uzak aralyga ylgamak hem-de welosipedli ýörişi geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýaty ösdürmegiň möhüm wezipeleri barada aýdyp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny we onuň depginlerini hemişe üns merkezinde saklamak, bu agrotehniki çäreler bilen baglanyşykly ähli meseleleri öz wagtynda çözmek işleriniň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şalyçylyk hojalyklarynda möhüm möwsümiň gelendigini, kärendeçileriň zerur tehnikalar, ýokary hilli tohumlar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belläp, şaly ekmek üçin bölünip berlen ýerlerde topragyň taýýarlyk derejesine zerur ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk görmek, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini, gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilişini, welaýatda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli şu hepdäniň dowamynda boljak baýramçylyk dabaralaryna we şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowaça ekişiniň depginleri, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri we ýeralma hem-de gök ekinler üçin niýetlenen meýdanlarda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim oba hojalyk tehnikalaryny, awtoulag serişdelerini, däne kabul ediş bölümleri galla oragyna taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada habar berdi.

Şeýle hem häkim «2020-nji ýyl — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»: behişdi bedewlerimiz bilen sagdyn durmuş ýörelgesi» şygary astynda köpçülikleýin sport çärelerini guramagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagy, önümçilik düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Pagtaçylaryň degişli möçberde tohumlyk serişdeler bilen üpjün edilmegi, ekişde oba hojalyk tehnikalaryň we beýleki enjamlaryň doly herekete girizilmegi, güýzlük dänelik ekinleriň mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegi we olara ösüş suwunyň tutulmagy bilen baglanyşykly meseleler ilkinji nobatda gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tabşyryk berdi, şeýle hem galla oragyna taýýarlygyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli görnüşli gök we bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, şunlukda, bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň we ulanmaga bermegiň wajypdygyny belledi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatda bu dabara ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmek ugrunda çekýän zähmetlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.