Ýeňiş baýramy mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Mukaddes sene bolan 9-njy maý biziň umumy taryhymyza hemişelik ýazyldy. Bu şanly gün biz Ýeňşi ýakynlaşdyrmak üçin frontlarda gahrymanlarça söweşen hem-de tylda tutanýerli zähmet çeken adamlaryň öçmejek edermenligine uly hormat goýýarys.

Biziň halklarymyzyň ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dostlugynyň geljekde hem Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine, şol sanda koronawirusyň pandemiýasy ýaly nägehana garşy durmakda özara gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Türkmenistanda ýaşaýan ähli weteranlara we tylda zähmet çekenlere berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de uzak ömür baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

 

http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14261