MINISTRLIK HAKYNDA

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi we onuň garamagyndaky edara-kärhanalary barada maglumat

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurtda gurluşyk ulgamynda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça baş ugry kesgitleýär.

Ministrlik öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:

  • binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlalýar we neşir edýär;
  • Türkmenistanyň şäherleri boýunça taslama taslama-meýilnamalaşdyryş çözgütleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär;
  • Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär;
  • gurluşyk babatda taslamalaryň, çykdajy sanawlarynyň we tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryň döwlet seljermesini geçirýär;
  • taslama, nyrh emele getirmek, çykdajy ölçegleri we inženerçilik gözlegleri babatda usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
  • binagärlik, gurluşyk, gurluşygyň hiline gözegçilik, ylym, seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk, gurluşyk işleriniň bahalaryny emele getirmegi kämilleşdirmek we gurluşyk taslamalary babatdaky döwlet hem-de döwletara maksatnamalaryny bellenen tertipde işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirmegi üpjün edýär, şeýle hem ýerleşdiriş, taslama düzüş-gözleg we ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirýär;
  • gurluşyk desgalarynyň ygtybarlygyna we ýer titremesi babatda durnuklylygyna, gurnama parçalarynyň hiline, olaryň bellenen standartlara laýyklygyna döwlet binagärlik-gurluşyk gözegçiligini bellenen tertipde guraýar hem-de üpjün edýär;
  • gurluşyk meýdançasynyň seýsmiki görkezijisi 9 derejeden   ýokary ýerler babatda degişli tehniki-ykdysady esaslandyrma bar mahaly desgalary gurmak üçin rugsatnamalary berýär;
  • paýly gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edaranyň wezipelerini amala aşyrýar;
  • gurluşyk we binagärlik babatda bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini bellenen tertipde guraýar;
  • bellenen tertipde dahylly daşary ýurt kärhanalary bilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürýär hem-de amala aşyrýar, pudakda öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrýar;
  • garamagyndaky edara-kärhanalary we guramalary bellenen tertipde döredýär, üýtgedip guraýar we ýatyrýar, olaryň tertipnamalaryny (düzgünnamalaryny) tassyklaýar;
  • pudaklaýyn we sebitara sergileri guraýar hem-de olara gatnaşýar;
  • edara-kärhanalaryň netijeli işlemegi, kömekçi hojalyklary ösdürmek, ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de sagaldyş çärelerini geçirmek üçin zerur şertleri döredýär;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň tabşyrmagy boýunça halkara maslahatlarynda we mejlislerinde Türkmenistanyň bähbitlerine öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde wekilçilik edýär;
  • Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, şeýle hem bahasyny nazara alyp kesgitleýär;

Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparynyň işine ýolbaşçylyk edýär.

 

TÜRKMENISTANYŇ GURLUŞYK WE BINAGÄRLIK MINISTRLIGI

744036, Türkmenistan,  Aşgabat şäheri,

Arçabil şaýoly, 84.  Tel: 44-46-66

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ýurtda gurluşyk ulgamynda döwlet syýasatyny alyp barýan döwlet dolandyryş edarasy bolup, ol bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça baş ugry kesgitleýär.

 

Baş döwlet seljeriş müdirligi

Müdirligiň we onuň welaýatlardaky şahamçalarynyň esasy wezipesi gurluşyk babatda taslamadan öňki we taslama resminamalarynyň hem-de çykdajy sanawlarynyň döwlet seljerişini geçirmek, gurluşyk baradaky kadalary we beýleki ölçegleri bellenen tertipde işläp taýýarlamaga we ylmy işläp taýýarlamalary gurluşyga ornaşdyrmaga gatnaşmakdyr.

 

Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkezi

Merkeziň esasy maksady eýeçiliginiň görnüşine, pudaklaýyn degişliligine garamazdan, Türkmenistanyň çäklerinde işleýän we işlemek isleýän edara görnüşli taraplary hem-de hususy telekeçileri ygtyýarlylandyrmak boýunça bellenen tertipde resminamalary berýär.

 

Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirligi

Pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiligiň görnüşine garamazdan gurluşyk işine gatnaşyjylaryň taslama-gözleg işlerini ýerine ýetirmekde we gurluşygy alyp barmakda ulanylýan Döwlet standartlarynyň, tehniki şertleriniň gurluşyk kadalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine, Türkmenistanda öndürilýän gurluşyk önümleriniň, guramalaryň we materiallary öndürýän edara-kärhanalaryň hiline inspeksion gözegçiligi amal aşyrýar.

 

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty

Ylmy-barlag instituty seýsmiki hadysalaryň monitoringi, seýsmiki howplulyga baha bermek üçin maglumatlaryň habar beriş binýadyny döretmek, Türkmenistanyň çägindäki, seýsmiki taýdan howply zolaklaryň seýsmiki etraplaşdyrma we mikroetraplaşdyrma boýunça kartalaryny düzmek, ylmy-barlag işlerini geçirmek, pudaga degişli kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, seýsmologiki howpsuzlyk boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, ulgamda halkara hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar.

744020. Türkmenistan, Aşgabat ş.,
A.Nyýazow şaýoly 138

Tel.: (99312) 22 45 06; Fax: (99312) 22 45 07

E-mail: seysmostroy@online.tm

 

Usulyýet, nyrh emele getiriş we
çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi

Binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we neşir edýär. Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, bahasyny nazara alyp kesgitleýär. Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin pudagara toparynyň işine ýolbaşçylyk edýär.

 

«Türkmendöwlettaslama»
döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi

«Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşiginiň, onuň düzümindäki taslama institutlary önümçilik kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň, binalaryň we desgalaryň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek hem-de şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň we ilatly nokatlaryň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, topografiki we inžener-geologiýa gözlegleri ýerine ýetirmek, kadalaşdyryjy-usulyýet namalary işläp taýýarlamakdan ybarat. Ylmy-önümçilik birleşigi «Ahaltaslama», «Türkmenbaşytaslama», «Daşoguztaslama», «Lebaptaslama» hem-de «Marytaslama» döwlet taslama institutlaryny özüne birikdirýär.

 

«Türkmenobasenagattaslama» taslama önümçilik kärhanasy

Kärhana senagat kärhanalarynyň we durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek, obalaryň we şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak hem-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny taslamalara girizmek işlerini alyp barýar. Önümçilik kärhanasy «Maryobasenagattaslama», «Daşoguzobasenagattaslama», «Türkmenabatobasenagattaslama» kärhanalaryny özüne birikdirýär.

 

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Mekdebiň alyp barýan işiniň esasy maksady gurluşyk ugrundan Türkmenistanyň ýokary taýýarlykly işgärlere we orta hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

 

Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi

Gurluşyk, binagärlik we jemagat hojalygy ulgamynyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşiniň talaplaryny kanagatlandyrýan orta hünär derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Okuw mekdebiniň Tagtabazar we Serhetabat şäherçelerindäki şahamçalary hem bu ugurlardan bagtyýar ýaşlara döwrebap bilimdir terbiýe berýär.

 

 «Marynebitgazgurluşyk» tresti

Trest durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny, daýhan birleşiklerinde we şäherlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, dürli maksatly turba geçirijilerini çekmek boýunça işleri ýerine ýetirýär.

 

Türkmenabat gurluşyk başlangyç hünär okuw mekdebi

Mekdep jemgyýet üçin peýdaly işiň gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça ussatlygy talap edýän zähmete ukyply işgärleri taýýarlaýar.

 

«Türkmenjemagattaslama» döwlet taslama instituty

Institutyň wezipesi «Esaslandyryjynyň» maksatnamalaryny we meýilnamalaryny öz iş çäklerinde ýerine ýetirip, önümlerine, işlerine, hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak arkaly, girdeji almakdan ybaratdyr.

 

«Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirligi

Müdirlik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ýörelgelerini, sporty we bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak işlerini durmuşa geçirýär.

 

«Daşoguznebitgazgurluşyk» tresti

«Daşoguznebitgazgurluşyk» tresti ýaşaýyş--hojalyk, sagaldyş, sport we medeni maksatly desgalary, guramalaryň we kärhanalaryň dolandyryş binalaryny gurýar.

Trestiň tabynlygyna 4-nji gurluşyk dolandyryş edarasy, Önümçilik-tehniki üpjünçilik dolandyryş edarasy girýär.

 

«Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasy

Kompaniýa edara-kärhanalaryň, raýatlaryň gurluşyk-gurnama işlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, gurluşyk-gurnama işleri boýunça we medeni-durmuş maksatly gurluşykda düýpli abatlaşdyrmak, jaýlaryň, binalaryň düýpli gurluşygyny amala aşyrmakdan, öndürilen önümlerini, ýerine ýetirilen hyzmatlaryny ýerlemekden alynýan girdejiniň hasabyna işgärleriň durmuş hal- -ýagdaýyny gowulandyrmak işlerini alyp barýar.

 

Awtomobil ýollary gurmak boýunça
Baş gözegçilik müdirligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary boýunça gurulýan awtomobil ýollarynyň, köprileriň we emeli desgalaryň buýrujysy bolup durýar.

 

«Türkmenýoltaslama» taslama instituty

Binagärlik işi, taslama işläp düzmekde senagat howpsuzlygy boýunça işleri, inžener gözlegleriniň işi, gidrogiologiki we inžener-geologiki işleriň ugurlaryny, ýerasty suwlaryň balansyny, derejesini we hilini, mehaniki sütünleriň burawlama, ýertitremeleriň gidrogeologiki alamatlaryny öwrenmek, topografiki-geodezik işleri, tehniki synag we gözegçilik etmek, tebigy we tehniki ylymlaryň barlaglaryny we işläp taýýarlamalaryny amala aşyrýar. «Lebapýoltaslama» kärhanasy hem bu işleri ugur edinýär.

 

Köpri gurluşyk müdirligi

Ýol gurluşygy, şol sanda ulaglar üçin tonelleriň we metropolitenleriň, ýokary tizlikli ýollaryň, köprileriň, estakadalaryň, galereýalaryň we ýerasty geçelgeleriň gurluşygyny amala aşyrýar.

 

Gurulýan desgalaryň direksiýasy

Direksiýa ýaşaýyş, edara jaýlaryny, jemgyýetçilik ymaratlaryny, jemagat we durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, awtoýollary gurmak, giňeltmek we durkuny täzelemek, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça buýrujynyň wezipesini ýerine ýetirmek, gurulýan desgalaryň hiline gözegçilik edip, binalaryň we desgalaryň bellenen möhletlerde işe girizilmegini üpjün etmek wezipesine esaslanýar.