«Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň inžener-geologik gözleg işlerini toplumlaýyn geçirmek
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýerleşjek ýeriniň inžener-geologik gözleg işlerini toplumlaýyn geçirmek üçin bu ugurda baý tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýany işe çekmek üçin HALKARA BÄSLEŞIK yglan edýär. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär we resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 9-njy fewralyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 44-45-53,
faks belgisi: +99312 44-45-75.
Elektron salgysy: ashgabatcitywes@gmail.com
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan