• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

Düzüm birlikler

Düzüm birlikler we olaryň hyzmatlary

Usulyýet, nyrh emele getiriş we çykdajy ölçegleri döwlet müdirligi

Binagärlik, taslama we gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we neşir edýär. Türkmenistana gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini getirmek baradaky şertnamalary baglaşmagyň maksadalaýyklygyny, tehniki, hil we estetiki aýratynlyklaryny, bahasyny nazara alyp kesgitleýär.

Baş döwlet seljeriş müdirligi

Müdirligiň we onuň welaýatlardaky şahamçalarynyň esasy wezipesi gurluşyk babatda taslamadan öňki we taslama resminamalarynyň hem-de çykdajy sanawlarynyň döwlet seljerişini geçirmek, gurluşyk baradaky kadalary we beýleki ölçegleri bellenen tertipde işläp taýýarlamaga we ylmy işläp taýýarlamalary gurluşyga ornaşdyrmaga gatnaşmakdyr.

Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkezi

Merkeziň esasy maksady eýeçiliginiň görnüşine, pudaklaýyn degişliligine garamazdan, Türkmenistanyň çäklerinde işleýän we işlemek isleýän edara görnüşli taraplary hem-de hususy telekeçileri ygtyýarlylandyrmak boýunça bellenen tertipde resminamalary berýär.

Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirligi

Pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiligiň görnüşine garamazdan gurluşyk işine gatnaşyjylaryň taslama-gözleg işlerini ýerine ýetirmekde we gurluşygy alyp barmakda ulanylýan Döwlet standartlarynyň, tehniki şertleriniň gurluşyk kadalarynyň düzgünleriniň berjaý edilişine, Türkmenistanda öndürilýän gurluşyk önümleriniň, guramalaryň we materiallary öndürýän edara-kärhanalaryň hiline inspeksion gözegçiligi amal aşyrýar.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty

Ylmy-barlag instituty seýsmiki hadysalaryň monitoringi, seýsmiki howplulyga baha bermek üçin maglumatlaryň habar beriş binýadyny döretmek, Türkmenistanyň çägindäki, seýsmiki taýdan howply zolaklaryň seýsmiki etraplaşdyrma we mikroetraplaşdyrma boýunça kartalaryny düzmek, ylmy-barlag işlerini geçirmek, pudaga degişli kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, seýsmologiki howpsuzlyk boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, ulgamda halkara hyzmatdaşlyk işlerini alyp barýar.

«Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşigi

«Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň, onuň düzümindäki taslama institutlary önümçilik kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlaryň, binalaryň we desgalaryň taslama-çykdajy resminamalaryny düzmek hem-de şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň we ilatly nokatlaryň Baş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, topografiki we inžener-geologiýa gözlegleri ýerine ýetirmek, kadalaşdyryjy-usulyýet namalary işläp taýýarlamakdan ybarat. Taslama birleşigi «Balkantaslama», «Daşoguztaslama», «Lebaptaslama», «Marytaslama» hem-de «Türkmenjemagattaslama» taslama institutlaryny özüne birikdirýär.

Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Mekdebiň alyp barýan işiniň esasy maksady gurluşyk ugrundan Türkmenistanyň ýokary taýýarlykly işgärlere we orta hünär bilimli hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi

Gurluşyk, binagärlik we jemagat hojalygy ulgamynyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüşiniň talaplaryny kanagatlandyrýan orta hünär derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Okuw mekdebiniň Tagtabazar we Serhetabat şäherçelerindäki şahamçalary hem bu ugurlardan bagtyýar ýaşlara döwrebap bilimdir terbiýe berýär.

«Marynebitgazgurluşyk» tresti

Trest durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyklaryny, daýhan birleşiklerinde we şäherlerde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, dürli maksatly turba geçirijilerini çekmek boýunça işleri ýerine ýetirýär.

Türkmenabat gurluşyk başlangyç hünär okuw mekdebi

Mekdep jemgyýet üçin peýdaly işiň gurluşyk we binagärlik ugurlary boýunça ussatlygy talap edýän zähmete ukyply işgärleri taýýarlaýar.

«Gurluşyk we binagärlik sport kluby» hojalyk müdirligi

Müdirlik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» ýörelgelerini, sporty we bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak işlerini durmuşa geçirýär.

«Daşoguznebitgazgurluşyk» tresti

«Daşoguznebitgazgurluşyk» tresti ýaşaýyş--hojalyk, sagaldyş, sport we medeni maksatly desgalary, guramalaryň we kärhanalaryň dolandyryş binalaryny gurýar. Trestiň tabynlygyna 4-nji gurluşyk dolandyryş edarasy, Önümçilik-tehniki üpjünçilik dolandyryş edarasy girýär.

«Ruhabatgurluşyk» ýöriteleşdirilen gurluşyk kompaniýasy

Kompaniýa edara-kärhanalaryň, raýatlaryň gurluşyk-gurnama işlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, gurluşyk-gurnama işleri boýunça we medeni-durmuş maksatly gurluşykda düýpli abatlaşdyrmak, jaýlaryň, binalaryň düýpli gurluşygyny amala aşyrmakdan, öndürilen önümlerini, ýerine ýetirilen hyzmatlaryny ýerlemekden alynýan girdejiniň hasabyna işgärleriň durmuş hal- -ýagdaýyny gowulandyrmak işlerini alyp barýar.

“Aşgabat siti” gurulýan desgalaryň direksiýasy

“Aşgabat siti” Gurulýan desgalaryň direksiýasy ýaşaýyş jaýlaryny, edara jaýlaryny, jemgyýetçilik ymaratlaryny, jemagat we durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, awtoýollary gurmak, giňeltmek we durkuny täzelemek, tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça Baş meýilnamalara laýyklykda buýrujynyň wezipesini ýerine ýetirýär. “Aşgabat siti” ýaşaýyş toplumynda guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerine gözegçilik edýär. Gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini kämilleşdirmek, olaryň hiline gözegçiligi talaba laýyk alyp barmak we olaryň bellenen möhletlerde işe girizilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan