«AK ŞÄHERIM AŞGABAT – AZIÝANYŇ MERJENI»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde dünýädäki at-abraýy barha artýar.
Giň gerimli gurluşyk maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy bilen, häzirki döwürde Aşgabat sebitiň innowasion, ylym-bilim, medeniýet we senagat merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.
23-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta okuw mekdebinde «Ak şäherim Aşgabat – Aziýanyň merjeni» atly maslahat hem-de aýdym-sazly medeni-köpçülikleýin çäre geçirildi.
Maslahatda «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ý.Ezizowa, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi O.Babaýewa, Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebiň ýokary derejeli mugallymy, Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy Ş.Ýegelekowa, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Hojalyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary G. Muhammetnazarow, Aşgabat gurluşyk orta okuw mekdebiniň mugalymy O.Amankakaýewa çykyş edip Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň keşbi barada belent buýsançlaryny beýan etdiler.
Maslahatyň dowamynda mekdebiň sergi zalynda talyplaryň ýerine ýetiren dürli işleri görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aşgabat gurluşyk orta okuw mekdebiniň «Ak Mermer» aýdym-saz folklor-etnografik tans toparynyň taýýarlan çykyşlary baýramçylyk çäresiniň şowhunyny has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan