• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

SPORT ÜSTÜNLIKLERIMIZ

SPORT ÜSTÜNLIKLERIMIZ
Neşir: 13.10.2025 Seredilen: 48

SPORT ÜSTÜNLIKLERIMIZ

SPORT ÜSTÜNLIKLERIMIZ

    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, türgenleri Watany söýüjiik ruhunda terbiýelemek, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ykrar etmäge, ýokary netijeli sporty, şol sanda sportuň ýeňil atletika görnüşini hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryň düzümine ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mynasyp türgenleri saýlap-seçip almak maksatlary bilen, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-24-i, aralygynda “Aşgabat” stadionynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň kubogynyň, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 09-12-si aralygynda bolsa sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýaryşlary geçirildi.

    Elbetde, bu ýaryşlara Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem işjeň gatnaşdy. Ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň tälimçileri Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň agzalary bolan sport ussatlary üstünlikli çykyş edip I-orna mynasyp boldular.

ÝEŇIL ATLETIKA BOÝUNÇA AŞGABAT ŞÄHERINIŇ KUBOGY

(23-24 sentýabr 2025 ýyl)

 

  1. Meredowa Walentina         100 metr aralyga ylgamakda

                                              11.6 sek. netije görkezdi                                     I orun

  1. Sadulaýew Alişer                100 metr aralyga ylgamakda

                                               10.4 sek. netije görkezdi                                    I orun

 

ÝEŇIL ATLETIKA BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ KUBOGY

  1. (09-12 oktýabr 2025 ýyl)

1. Meredowa Walentina         100 metr aralyga ylgamakda

  1.                                             11.7 sek. netije görkezdi                                    I orun

 2. Sadulaýew Alişer                100 metr aralyga ylgamakda

                                                10.5 sek. netije görkezdi                                   I orun

 

    Häzirki wagtda, Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça milli ýygyndy toparynyň düzümine girýän türgenlerimiz, 2025-nji ýylyň 07-nji noýabryndan 21-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanyň paýtagty Er-Riýadada geçiriljek halkara ýaryşlaryna depginli taýýarlyk görýärler.

    Ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lanmak bo­ýun­ça dö­re­di­lýän aja­ýyp şertler we giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” ýygyndy toparynyň türgenleri we agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary egsilmezdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmaklaryny Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň agzybir türgenleri we işgärleri arzuw edýärler.

                                                              Baýrammuhammet BABAÝEW,

                                                       Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

            “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý.  

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan