Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewi kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň wekili Awazada geçirilýän forumyň tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança hökmünde eýeleýän ornuny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, oňa BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu forumyň türkmen topragynda geçirilmegi deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşini gazanmak, olaryň dünýä bazarlaryna üstünlikli çykmagyny üpjün etmek işine Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny görkezýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki günde ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.
BMG, GDA ýaly ählumumy we sebit guramalarynyň çäklerinde, şeýle-de Hazarýaka hyzmatdaşlyk boýunça öňe sürülýän halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus döwletara dialogynyň gün tertibiniň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ulag, energetika, senagat we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlykda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hataryna girýär. Şunda ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewe berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan