Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuny kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu çärä Wan Ýunuň hem gatnaşmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi gazanmak babatda alnyp barylýan işlere HHR-iň goşýan mynasyp goşandyny alamatlandyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýär. Bu gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklar alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň özara hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. “Biz soňky gezek şu ýylyň iýunynda Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammitiň çäklerinde netijeli gepleşikleri geçirdik. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki üstünlikli özara hereketleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlyk we syýasy partiýalaryň arasyndaky dialog işjeň ösdürilýär. Bu ugurda özara saparlar guralyp, hyzmatdaşlyk many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Türkmenistan Hytaý bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň oňyn mysaly hökmünde görkezdiler. Ikitaraplaýyn dialogda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga-da möhüm ähmiýet berilýär. Bu ulgamdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýakyndan goldaw beriljekdigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gezekki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuna berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan