• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

«Paýaly binýatlar» atly TGK 2.02.03-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


Neşir: 06.02.2025 Seredilen: 483

«Paýaly binýatlar» atly TGK 2.02.03-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

«Paýaly binýatlar» atly TGK 2.02.03-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 02-nji oktýabrynda çykaran 108-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.

Şu Kadalar dürli inžener-geologiýa şertlerinde we gurluşygyň islendik görnüşlerinde dürli görnüşli paýalardan binýatlary taslamak üçin talaplary kesgitleýär. Kadalar täze gurulýan we durky täzelenýän binalaryň we desgalaryň paýaly binýatlaryny taslamaklyga degişlidir we dinamiki agramly maşynlaryň paýaly binýatlaryny, şeýle hem deňizdäki nebit ýatagy we kontinental şleýfinde 35 metr uly çuňlukda gurnalýan beýleki desgalaryň direglerini taslamaklyga degişli edilmeýär.

Howply geologiýa hadysalary (karstlar, süýşgünler we şuňa meňzeşler) bolmagy ýa-da mümkinçiligi bolan ýerlerde gurlan binalaryň we desgalaryň paýaly binýatlaryny degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan tassyklanylan ýa-da ylalaşylan bellenilen tertipde tassyklanylan Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy resminamalaryň goşmaça talaplaryny göz öňünde tutup işlenip düzülmelidir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan