“Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026
“Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2026-njy ýylyň 11-nji awgustynda çykaran 74-iş buýrugy bilen tassyklanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda bellenen tertipde bellige alyndy. Şu kadalar, rulonly, mastika materiallardan, tolkunlaýyn listlerden, doly zawod taýýarlygyndaky gurnama demirbeton plitalardan, bir bitewi demirbetondan, ýekeleýin materiallardan, dürli maksatly binalar we desgalar üçin metal listlerden çerdakly we çerdaksyz binalaryň üçegi we üsti taslananda berjaý etmek zerurdyr, degişli kadalar bilen binalaryň üstüniň aşagyndaky giňişliklere hem-de üstüne ýörite talaplar bildirilýän binalar we desgalar muňa girmeýär.
“Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-2026 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň güýje girmegi bilen, “Binalaryň üçekleri we üsti” atly TGK 2.03.10-01* belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary öz güýjüni ýitirýär.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan