«Syýahat we dynç alyş edaralary» atly TGK 2.08.03-2025
«Syýahat we dynç alyş edaralary» atly TGK 2.08.03-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda çykaran 43-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.
Şu Kadalar syýahat we dynç alyş edaralarynyň (dynç alyş öýleriniň (pansionatlaryň), şeýle hem syýahat merkezleriniň, ýaşlaryň we çagalaryň dynç alyş merkezleriniň (mundan beýläk - dynç alyş edaralary) täze gurulýan, giňeldilýän we durky täzelenýän binalary taslananda berjaý edilmelidir.
Dynç alyş öýleri (pansionatlar), adatça, ýylyň dowamynda işlemäge niýetlenilip taslanylýar. Syýahat merkezleri, çagalar sagaldyş merkezleri tomusda hem-de ýylyň dowamynda işlemäge niýetlenilip taslanmalydyr, şunda ýylyň dowamynda işlediljek tomusky çagalary sagaldyş merkezleri, okuw rugsadyndan beýleki wagtlarda ulularyň dynç almaklary üçin niýetlenilip taslanmalydyr.
«Syýahat we dynç alyş edaralary» atly TGK 2.08.03-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary pudaklaýyn degişliligine, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan