TGK 3.01.01-2024 «Gurluşyk önümçiliginiň guramaçylygy» gurluşyk kadalary
“Gurluşyk önümçiliginiň guramaçylygy” atly TGK 3.01.01-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda çykaran 106-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.
Bu Kadalaryň talaplary pudaklaýyn tabynlygyna, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan, binagärlik, şähergurluşyk we gurluşyk işleri amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.
Şu Kadalar obýektleriň täze gurluşyk, durkuny täzelemek we düýpli abatlamak, ýykmak babatynda gurluşyk önümçiliginiň guramaçylygyny düzgünleşdirýär. Kadalaryň talaplary raýat we senagat maksatly obýektleriň degişli taslamalaryny durmuşa geçirmek döwründe ulanylýar we gurluşyk geçirilýän sebitleriniň häzirki ösüş şertlerinde çägiň maksatlaýyn niýetlenişini amala aşyrmaklyga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan