• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

«Gurluşyk erginlerini taýýarlamak we peýdalanmak» atly TGK 3.04.05-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary


Neşir: 06.01.2025 Seredilen: 401

«Gurluşyk erginlerini taýýarlamak we peýdalanmak» atly TGK 3.04.05-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary

«Gurluşyk erginlerini taýýarlamak we peýdalanmak» atly
TGK 3.04.05-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda çykaran 117-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2024-nji ýylyň 02-nji dekabrynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.

Şu Kadalar binalaryň we desgalaryň gurluşygynda, durky täzelenende, abatlanylanda gurluşyk gurnawlaryň, beton we demirbeton, daş örümi we gurnamak üçin erginleri, timarlaýyş, suwag, turbageçirijiler boýunça turba bilen sordurylýan we ýörite (inýeksirlenen, gyzgyna çydamly, kislota durnukly) gurluşyk erginleri taýýarlamagyň we peýdalanmagyň tertibini düzgünleşdirýär.

«Gurluşyk erginlerini taýýarlamak we peýdalanmak» atly
TGK 3.04.05-2024 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary pudaklaýyn degişliligine, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan gurluşyk önümçiligini we gurluşyk işlerini amala aşyrýan ýüridiki we fiziki şahslar üçin, şeýle hem gurluşykda materiallaryň harçlanmasynyň kadalaryny we kada ölçeglerini işläp taýýarlaýan kärhanalar üçin hökmanydyr.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan