«Türkmenistanyň şäherlerinde ýollaryň asfaltbeton örtükleri» atly TGK 3.06.02-2025
«Türkmenistanyň şäherlerinde ýollaryň asfaltbeton örtükleri» atly TGK 3.06.02-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň 2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda çykaran 45-iş belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2025-nji ýylyň 22-nji iýulynda bellenen tertipde döwlet belligine alyndy.
Şu Kadalar Türkmenistanyň şäherlerindäki köçeleriň, ýollaryň geçilýän ýerleriniň we ýanýodalarynyň asfaltbeton örtüklerini taslamak we gurmak işlerini düzgünleşdirýär.
Asfaltbetonyň görnüşini saýlap almak we ýol düşekleriniň gurnawlarynyň maksady tehniki hasaplamalary hem-de ykdysady esaslandyrmalaryny hasaba alnyp, köçeleriň we ýollaryň derejelerine laýyklykda ýerine ýetirilýär.
«Türkmenistanyň şäherlerinde ýollaryň asfaltbeton örtükleri» atly TGK 3.06.02-2025 belgili Türkmenistanyň gurluşyk kadalary pudaklaýyn degişliligine, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan