Türkmenistan dünýä gurluşynyň öňdengörüjilikli esaslaryny emele getirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumda çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda forumyň halkara ähmiýetine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, sebit, kontinent we ählumumy işler barada oýlanyşmak, halkara syýasatynda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokadyna öwrülmegi hökmünde seredilýär.
«Türkmenistan biziň topragymyzda şu gün dünýä gurluşynyň täze, ynsanperwer we öňdengörüjilikli esaslarynyň hem-de ösüşiň hakyky we jogapkärli strategiýasynyň döredilýändigine kanuny guwanyp biler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bütin dünýädäki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gazanylan derejesine ýokary baha berilýändigini we ony aýawly saklaýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu şanly günlerde biziň dostlugymyzyň, özara düşünişmegimiziň we döredijilikli maksatlara ýetmäge hyjuwymyzyň mundan beýläk-de tassyklanmasyny we ösüşini tapýandygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan