Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy bilen duşuşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, bu giň möçberli halkara çäräniň Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de belent mertebeli myhman Milli Liderimiziň şu ýylyň aprelinde Gyrgyzystana amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň Premýer-ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistany we Gyrgyzystany doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Taryhyň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy, bilelikdäki ösüşe ymtylma bu gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmenistan Gyrgyz Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn derejede, halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler BMG-niň, GDA-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika arabaglanyşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy logistika hyzmatdaşlygynyň özgerýän şertlerinde netijeli we durnukly ulag ugurlaryny döretmek boýunça Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk strategik ähmiýete eýe bolýar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara ýokary baha berýärler. Maslahatlaryň, forumlaryň, beýleki bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki ýurduň halklaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga, umumy taryhy mirasy gorap saklamaga ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi
Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана
Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan