• +993(12) 44-46-66
  • Arçabil şaýoly, 84

«TÜRKMENISTAN – RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY» ATLY XIV SPARTAKIADA

«TÜRKMENISTAN – RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY» ATLY XIV SPARTAKIADA
Neşir: 16.05.2025 Seredilen: 196

«TÜRKMENISTAN – RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY» ATLY XIV SPARTAKIADA

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­dal­ga be­ren sport we bedenterbiýe ulgamyndaky döwlet syýasatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň üs­tün­lik­li do­wam etdir­me­gi­niň ne­tije­sin­de ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty ösdürmek we ilatyň saglygyny berkitmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilen XIV Spartakiadasy hem bu ugurda ýaýbaňlanan işleriň biridir.

Öňi bilen XIV Spartakiadanyň çäginde ýaýbaňlanan sport ýaryşlarynyň görnüşleri we oňa gatnaşýanlaryň düzümi hakynda durup geçmek gerek.

  Woleýbol ýaryşyna oglanlar we gyzlar aýratynlykda gatnaşyp, her toparyň düzüminde 12 türgen, 1 emin çykyş etdi.

Basketbol  ýaryşyna hem oglanlar we gyzlar aýratynlykdagatnaşyp, her toparyň düzümi 12 türgenden hem-de 1 eminden ybarat boldy.

Suwda ýüzmek görnüşine 2 oglan we 1 tälimçi gatnaşyp, 50m aralygy erkin usulda geçmek bellenildi.

Ýeňil atletika oýunlaryna oglanlar we gyzlar aýratynlykda gatnaşyp, oglanlar: ylgamakda 100m, estafeta oýunlarynda 4x100m, 800m aralykda, uzynlygyna bökmekde güýç synanyşdylar. Gyzlar: ylgamakda 60m, estafetada 4x100m, 400m aralykda, uzynlygyna bökmekde güýç synanyşmak bellenildi. Bu ýaryşda her toparyň düzümi 10 adam bolup, 5 oglan, 5 gyz we 1 tälimçiden ybaratdyr.

Stoluň üstünde oýnalýan tennis ýaryşyna oglanlar we gyzlar gatnaşyp, toparyň düzüminde 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi çykyş etdi.

Tennis ýaryşyna hem oglanlar we gyzlar gatnaşyp, toparyň düzümi 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçiden ybarat boldy.

Milli göreşde her toparyň düzüminde 8 pälwan oglan, 1 tälimçi we 1 emin bolup, tutluşyklar 57kg, 62kg, 68 kg, 75kg, 82 kg, 90 kg, 100 kg, +100 kg agramlar derejeleri boýunça kesgitlenildi.

Küşt oýnunda her toparyň düzüminde 2 oglan, 1 gyz we 1 tälimçi çykyş etdi.

XIV Spartakiadanyň sport görnüşlerine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” ýygyndy topary hem işjeň gatnaşdy. Şeýlelikde, Basketbol ýaryşy boýunça erkekler topary I orun,  zenanlar topary hem I orny, Tennis boýunça erkekler we zenanlar topary I orny, Ýeňil atletika boýunça erkekler topary I orny, Ýeňil atletika boýunça  bolsa zenanlar topary I orny eýelemegi başardylar.

  Küşt oýny boýunça erkekler we zenanlar topary I orun, Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça erkekler we zenanlar topary II orun, erkekleriň arasynda ýaýbaňlanan Milli göreş boýunça II orun, Woleýbol boýunça zenanlar topary II orun, erkekler topary bolsa III orny eýelediler.

Ýaryşyň Suwda ýüzmek görnüşi boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy toparynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy toparynyň arasynda geçen örän çekeleşikli ýaryşda toparlar utuk sany boýunça birbada deňme-deň çykyş etdiler. Netijede, Suwda ýüzmek boýuça ýaryşda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň türgeni 26,89 s. netije bilen biraz öňe saýlanyp, ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň türgeni bolsa, 0,21 s. gijä galyp, 27,10 s. netije görkezip II orna eýe boldy.

2025-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Spartakiadasynyň netijesinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary 105 utuk bilen I orny eýeledi. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary 104 utuk bilen II orny eýeledi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bolsa 68 utuk bilen III orny eýeledi.

Ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lanmak bo­ýun­ça dö­re­di­lýän aja­ýyp şertler we giň mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamygyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” ýygyndy toparynyň türgenleri we agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary egsilmezdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmaklaryny Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky “Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň agzybir türgenleri we işgärleri arzuw edýärler.

Baýrammuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň

Gurluşyk we binagärlik sport kluby” hojalyk müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan