• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylara


Опубликовано: 11.07.2023 Просмотрено: 1264

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!

Sizi Arkadag şäherinde geçirilýän «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, forumyň işine üstünlik arzuw edýärin.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara maslahatlary, sergileri, festiwallary, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çäreleriň ýokary derejede we giň düzümde geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadag şäherinde guralýan bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we «akylly» şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary işjeň çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Halkara forum maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we ösdürmek barada özara pikir alyşmakda, teklipleri öwrenmekde netijeli bolar. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly foruma gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» maýa goýum işini ösdürmäge, döwlet-hususy pudak hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna möhüm orun berilýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnama Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda, sanly ykdysadyýete uýgunlaşan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini amala aşyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna onlarça milliard manat möçberinde düýpli maýa goýumlaryň goýulmagyna garaşylýar.

Sanly innowasion tehnologiýalar boýunça teklipler, geljegi uly başlangyçlar öňe sürüljek bu forumda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary üçin hem giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu forum ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmekde, «ýaşlar kärhanalarynyň» işini ýaýbaňlandyrmakda hem maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrar.

Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Sizi «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73665/akylly-saher-arkadag-atly-halkara-maya-goyum-forumyna-gatnasyjylara

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan