• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Seýsmika durnukly gurluşygy ösdürmegiñ ileri tutulýan ugurlary


Опубликовано: 06.02.2024 Просмотрено: 359

Seýsmika durnukly gurluşygy ösdürmegiñ ileri tutulýan ugurlary

Şu gün ylmyň ösüşi biziň döwletimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol sebäpli, biziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly: «Biz düýpli we ylmy-amaly barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagy özümize maksat edinmeli. Şol maksatlarda ykdysadyýetiň we durmuşyň özüniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäginde Türkmenistanyň şertlerini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, ýurduň ähli ylmy-tehniki potensialyny, ylmyň ähli güýçlerini pudagyň anyk meselelerini çözmeklige ugrukdyrmak meýilleşdirilýär».

Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda döwletde ýaýbaňlandyrylan möhüm özgertmeleriň baş maksady — döwleti ösdürmegiň  hususanda, nazary ylmy önümçilikde özleşdirmekden, täze, öňdebaryjy ýollaryna geçmekden ybarat bolup durýar. Geçirilýän özgerişlikler, ilkinji nobatda, milli ylmy galkyndyrmaga we onuň tutýan ornuny berkitmäge ugrukdyrylýar. Belli bolşy ýaly, seýsmiki aktiw zolaga degişli bolan Türkmenistanyň çäginde gurluşyk işleriniň uly depginler bilen alnyp barylmagyny nazara almak bilen, ylmy bilimleriň toparynda seýsmika durnukly gurluşyk baradaky ylma aýratyn orun berilýär.

2009-njy ýylyň 12-nji iýuny Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň işiniň ikinji gezek badalga alan güni hökmünde hasaplanyp bilner. Sebäbi hut şol günden başlap institut ýene-de özbaşdak ylmy-barlag instituty hökmünde işläp başlady. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň dikeldilmegi galkynýan ylym, bilim, medeni we adaty gymmatlyklaryň hatarynda ýene bir möhüm waka boldy. Ondan başga-da, institutyň döredilmegi häzirki döwürde ýurduň ylmyny geljekde ösdürmegiň we seýsmika durnukly gurluşygyň ugrunda geçirilýän ylmy-barlag işleriň netijelerini tejribede ulanmagyň meselelerine berilýän berk gözegçiligiň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň şäherleriniň taryhy döwürden bäri ösüp gelýän infragurluşy seýsmiki aktiw sebitlerini geljekde ulanmakdan, özleşdirmekden we ösdürmekden boýun gaçyrmaga mümkinçilik bermeýär. Türkmenistanda ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň uly göwrümlerde gurulmagy, durmuş-medeni maksatly desgalaryň, ulag ýollarynyň gurluşyklarynyň göwrümleriniň artmagy seýsmiki we gidrogeologiýa ýagdaýlaryny seljermek we olara baha bermek boýunça ulgamlaýyn işleriniň geçirilmegini talap edýär. Seýsmika durnukly gurluşygyň ugrundaky hünärmenleriň öňünde seýsmiki işjeň zolaklarda ýaşaýan ilata we ondaky desgalara ýer titremeleriň ýetirýän zyýanyny azaltmaga mümkinçilik berýän seýsmiki goragy üpjün etmek barada anyk mesele goýuldy.

Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň amaly işi taslamaçylar we gurluşykçylar bilen bilelikde işleşmekden jemlenýär. Türkmenistan özüniň ýokary seýsmikliginden daşary gurluşy boýunça durnuksyz topragynyň bolmagy bilen häsiýetlenýär. Ýokary seýsmiklik we topraklaryň aýratynlygy töweregiň esaslaryny gurluşyk işleri üçin taýýarlamakda uly kynçylyklary döredýär. Şonuň üçin taslama işleriniň tejribesinde desganyň seýsmika durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen emeli esaslary taslama etmek pikiri döredi. «Jaýlaryň we desgalaryň seýsmika çydamlylygy» barlaghananyň hünärmenleri gurulýan desgalara ýetirilýän seýsmiki täsirleri pese düşürmek üçin emeli esaslary inženerlik taýdan taýýarlamak işlerini kämilleşdirmegiň ugrunda hödürnamalary işläp taýýarlamak boýunça wajyp meseleleri öz öňlerinde goýýarlar we olary çözýärler. Emma bu olaryň işleriniň diňe bir bölegi. Şeýle hem olar Türkmenistandaky we welaýatlardaky binalaryň hem-de desgalaryň tehniki ýagdaýlarynyň barlagyny geçirmek bilen meşgullanýarlar we hereket edýän kadalaryň we düzgünleriň esasynda desgalaryň seýsmika durnuklylygyna baha berýärler.

Täze şäherler we obalar, binalar we desgalar, ýollar we olary abadanlaşdyrmagyň ulgamlary — bu sebitde we ýurtda hojalyk işleriniň nähili derejede alnyp barylýandygynyň esasy alamatlarydyr. Milli ykdysadyýetde we medeniýetde olaryň ähmiýetine anyk baha bermek kyn. Emma döwletimiz tarapyndan berilýän üns diňe gurluşyk işleriniň ýokary hilde alnyp barylmagyna we desgalaryň öz wagtynda tabşyrylmagyna däl-de, gurluşyk tejribesindäki gurulýan desgalaryň ygtybarlygyny we uzak ulanylyş möhletini üpjün etmek, täze tehnologiýalaryň esasynda täze gurluşyk materiallary işläp düzmek we ulanmak ýaly beýleki möhüm meseleleriň çözülmegine ugrukdyrylandyr.

Biziň döwletimiziň uly çig mal binýady bar we tebigy baýlyklaryň arasynda gurluşyk materiallaryny öndürmek üçin ýaramly bolan mineral we esasy çig maly bar. Şu günki gurluşyk materiallaryny ýerli çig malyň esasynda öndürýän täze zawodlar ýurduň ähli sebitlerinde diýen ýaly işleýär. Emma ylmy pikirler çäksiz bolýar. Bu ugur boýunça institutyň alymlarynyň aýdara zady kän. Institutyň «Аsfalt materiallary» we beýleki barlaghanalarynyň hünärmenleri tarapyndan ýokary hilli has berk materiallaryň we gurnaw elementleriniň önümçiliginde ýerli mineral we organiki çig maly, betonlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen toplumlaýyn goşundy hökmünde täze tehnologiýalary işläp düzmek boýunça bir topar işler ýerine ýetirildi. Şeýle-de gurluşyk materiallarynyň önümçiliginiň giňelmegi hem-de önümçiligiň galyndylaryny ulanmak bilen gurluşyk materiallary taýýarlananda täze tehnologiýalary işläp düzmegiň meseleleri çözülýär.

«Beton we demirbeton» we «Jaýlaryň we desgalaryň posa garşy goragy» barlaghanalarynyň hünärmenleri gurluşyk materiallarynyň posa garşy häsiýetlerini kämilleşdirmek, gurluşyk desgalaryny we materiallaryny poslamakdan goramagyň täze tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen baglanyşykly meseleleri öz öňlerinde goýýarlar.

«Gurluşyk materiallarynyň häsiýetleriniň barlagy» barlaghanasy «Тürkmenstandartlary» BDG-y tarapyndan Halkara sertifikatlaşdyryş ulgamynda akkreditasiýa ugrunda materiallaryň sertifikasiýa we araçylyk barlaglaryny geçirmek hukugyny almak boýunça akkreditatlaşdyrylan döwletde ýeke-täk barlaghana bolup durýar. Ähli barlaghanalaryň geçirýän barlaglarynyň döwletimiz üçin uly ähmiýeti bar. Ýurduň beýleki şäherleriniň gurluşyk meýdançalaryna hemişeki iş saparlar institutyň hünärmenleriniň tejribesinde adaty iş bolup durýar.

Institutda ägirt ylmy potensial döredildi, olaryň ylmy işleri Türkmenistanyň işlenip düzülýän gurluşyk kadalarynyň, gurluşygy guramak boýunça gözükdirijileriň esasyny düzýär. Olaryň ylmy barlaglary esasynda ýazan ylmy işleri döwletimizde çap edilýän we daşary ýurduň ýöriteleşdirilen žurnallarynda köp gezek neşir edildi we edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ylmy işgärleri taýýarlamak baradaky» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen institutda «Gurluşyk materiallary we önümleri», «Gurluşyk gurnawlary, jaýlar we desgalar» we «Esaslar we binýatlar, ýerasty desgalar» ýaly hünärler boýunça aspirantura we doktorantura açyldy.

Türkmenistanyň ylmyny, tehnologiýasyny we tehnikasyny ösdürmäge hem-de seýsmika durnukly gurluşygyň ylmy maksatnamalaryny we taslamalaryny ulanmaga, häzirki döwrüň ylmy-barlaglaryny geçirmek üçin infragurluşy ösdürmäge, şeýle hem döwletde we daşary ýurtda ykrar edilip, eýýäm hereket edýän ylmy mekdepleri güýçlendirmäge we täzelerini döretmäge ugrukdyrylan ylmy-barlaglaryň derejesini ýokarlandyrmak we innowasiýa ulgamyny ösdürmek üçin institut tarapyndan internet-saýt açyldy, onda institutyň gurluşy we meseleleri, ylmy işi, gurluşygyň täzelikleri görkezilýär.

Institutyň ýolbaşçysynyň öňünde barlag işlerini guramak boýunça ulgamy kämilleşdirmek we ylmy-barlag işlere höwes döretmek babatynda möhüm mesele durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen öňde duran meseleleri hem-de ylym we bilim ugrundaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini çözmek düýpli we amaly ylmy-barlaglaryny üstünlikli çözmegiň girewi bolup durýar.

 

Indalip ILÝASOW,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň direktory, tehniki ylymlarynyň kandidaty.

 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

(1-2015)

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan