• +993(12) 44-46-66
  • Арчабил шаёлы, 84

Опубликовано: 12.02.2024 Просмотрено: 1480

Türkmen binagärçilIginiň taryhy

Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar. Türkmenistandaky şäher-kentler şol döwürde medeniýetiň, binagärçiligiň, sungatyň, ylmyň dürli ugurlarynyň juda gülläp ösеn ýeri hasaplanylypdyr.

Ýurdumyzyň Mary welaýaty taryhy ýerlere baý ülkedir. Soňky zamanlarda alymlar tarapyndan Garagum çölüniň çägeleriniň jümmüşinde Murgap derýasynyň gadymy akymynyň ugrunda ýaşan köne döwür ilatynyň ýaşan mesgenlerini öwreniş işleri geçirilipdir. Murgabyň gadymy akymynyň ýakalaryny özleşdirmäge synanyşyklar mis-daş (eneolit) döwründäki (miladydan öňki IV müňýyllyk) günorta Türkmenistanyň ýerli taýpalaryna degişli bolupdyr. Soňky şowly synanyşygy, tanymal alym W.I. Sarianidi has giçki eýýama, akkad döwrüne (miladydan öňki 2250-2000 ýyllara) degişli edýär, belki has düýpli ylmy öwrenilişler alnyp barylsa, bu ýerde ondan biraz irräkki ýaşaýyş mesgenleriniň hem üsti açylmagy mümkin.

Bu ýurt Mesopotamiýa bilen Hind derýasynyň arasyndaky çäklerinde agalyk eden we bütin ýakyn Gündogaryň ykdysadyýetinde, şeýle hem medeniýetinde möhüm orny eýelän gadymy ýurt bolupdyr. W.I. Sarianidi: «Köp sanly ägirt uly köşkler, belent ymaratlar, şa gonamçylygy, iň baý gonamçylyklar, gadymy sungat eserleri özleriniň ähli geň galdyryjy täsinlikleri bilen bu ýerde ozal mälim bolmadyk dünýä medeniýetiniň gadymy merkeziniň bolandygyna ynandyryjylykly şaýatlyk edýärler. Ol «Merkezi Aziýa» diýlip atlandyrmagyň hakyky hukugyna eýedir» diýip belleýär. Häzirki döwürde Gadymy Mary topragynyň dünýäniň bäşinji gadymy siwilizasiýasynyň ýerleşen ýeridigi dünýä alymlary tarapyndan ykrar edildi. Bu örän buýsandyryjy hadysadyr.

Gadymy galalara baý bolan orta asyr Merwiniň binagärçilik eserleriniň hatarynda: Sahabalaryň, Muhammet ibn Zeýdiň, Gyz bibiniň guburlarynyň üstünde gurlan kümmetleri, Hoja Ýusup Hemedanynyň gubury we metjidini, Uly gyz gala we Kiçi gyz gala ýaly köşk binalaryny, orta asyr Merw welaýatynyň çäklerinde ýerleşen Talhatan baba metjidini, Ymam Bekiriň gubuhana kümmetini (Ýolöten etraby), Gök gümmez kümmetlerini (Sakarçäge etraby) we beýleki binalary görkezmek bolar.

Gadymy Ahal topragy hem taryhy ýerlere baý toprakdyr. Munuň şeýledigini, takmynan 6-3 müň ýyl mundan ozalky zamanlary öz içine alýan arheologiki döwür bolan täze daş (neolit) döwrüne degişli Jeýtun taryhy-arheologik ýadygärligi, Kaka demir ýol beketiniň ýakynynda ýerleşen Namazga depe, Duşagyň günortasynda ýerleşen Ýasy depe, Mänäniň ýakynynda ýerleşen Altyn depe, Aşgabadyň ýakynynda ýerleşen Ak depe, Gäwersiň ýakynynda ýerleşen Gara depe, Gowşut beketiniň ýakynynda ýerleşen Ýelken depe, Yzgant obasynyň ýakynynda ýerleşen Daşly depe, Ahal obasynyň ýakynynda ýerleşen Pessejik depe, Tejen ýakynlarynda ýerleşen Göksüýri, gadymy dünýä ak bugdaýynyň däneleriniň tapylan we ynsanlaryň ýerleşiş mesgenleri boýunça dürli taryhy döwürleri öz içine alýan (Änew-I, Änew-II /m.ö. IV-III müňýyllyklar/, Änew-III /m.ö. II müňýyllyk/, Änew-IV, /m.ö. VI-III asyrlar/, orta asyr Bagabady) Änew taryhy ýeri, Parfiýa döwletiniň patyşalarynyň dogduk watany we syýasy merkezi bolan Nusaý taryhy ýeri, «Abywerdi», «Bawerdi» ýaly nisbalary göteren beýik şahsyýetleriň watany — Abywerd, «Sarahsy» nisbasyny göteren beýik şahsyýetleriň watany — Saragt, meşhur «Mehneýi» nisbasyny göteren beýik alymlaryň watany — Mäne we beýlekiler ýaly orta asyr taryhy ýerleri hem görkezýär. Ahal welaýatynda saklanyp galan binagärçilik eserleriniň hatarynda: Abusagyt Abulhaýr Mehneýiniň, Abulfazl Sarahsynyň, Gaýypguly Gerçek, Patyşa Hoja guburhana kümmetleriniň binalaryny, Saragtdaky Ýartygümmez binasyny we beýlekileri görkezmek bolar.

Türkmenistanyň dünýä meşhur taryhy ýerlere baý künjekleriniň biri hem Daşoguz welaýatynyň gadymy topragydyr. Miladydan öňki döwürlere degişli Horezmiň gadymy ýadygärliklerini, orta asyrlary mysal alanymyzda, türkmenleriň taryhda möhüm yz goýup giden uly döwletleriniň biri - Köneürgenç türkmenleriniň şadöwletiniň paýtagt şäheri bolan «Gürgenç» (häzirki ady «Köneürgenç») taryhy ýerini, Yzmykşir taryhy ýerini, Döwkesen taryhy ýerini, Diýarbekir taryhy ýerini we beýleki taryhy ähmiýeti uly bolan ýerleri Daşoguzyň mysalynda görkezmek bolar. Daşoguzyň binagärçilik eserleriniň hatarynda: Soltan Il Arslan Horezmşanyň, Soltan Tekeş Horezmşanyň, Şeýh Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň, Seýit Ahmediň, Pirýar Weliniň, Mätkerim işanyň, Ysmamyt atanyň guburlarynyň üstünde gurlan kümmetleri, Gutly Temiriň metjidiniň uzyn minarasy, Gülgerdan atly ymaratyň galyndysy, gadymy juma metjidiniň galyndysy, Ibn Hajybyň guburhanasy we medresesi, gadymy binanyň galyndysy bolan atsyz depe, «Daşmetjit», Kyrkmolla galasy, ýykylan ýene-de bir juma metjidiniň minarasynyň galyndysy bolan Kelte minara, gadymy derweze, Akgala we Horezmbag we beýleki binalary agzap bileris.

Türkmenistanyň günbatarynda ülkämiziň gözel künjekleriniň biri bolan Balkan welaýaty ýerleşýär. Balkan welaýaty hem ülkämiziň meşhur taryhy ýerlerine baý künjegidir. Balkanyň taryhy ýerleri hökmünde, Balkan dagyndaky irki daş eýýamynyň (paleolitiň) ilkidurmuş taryhy ýadygärliklerini, Dehistan (Maşat-Missrian) taryhy ýerini, orta asyr Paraw (Ferawe) taryhy ýerini, «Diklidaşlaryň» goýlan dürli ýerlerini, Etrek etrabyndaky (Baýat hajy) taryhy ýeri, Gözli ata zyýarathanasynyň ýerleşen ýerini, Magtymguly etrabyndaky binagärlik ýadygärlikleriniň bolan ýerlerini we beýleki taryhy ymaratlaryň bar bolan ýerlerini görkezmek bolar.

Balkan welaýatynyň binagärçilik ýadygärlikleriniň hatarynda: Misriandaky Soltan Muhammet ibn Tekeş Horezmşanyň metjidiniň peştagyny we minarasyny, «Maşat ata» ýa-da «Şirkebir ata» atlandyrylýan metjidi, Maşat gonamçylygyndaky kümmetleriň binalaryny, Misrianyň demirgazykdaky minarasyny, Parawbibi kümmetini, Öwezberdi şyhyň, Magtym-Mugezzemiň, Şyh Attaryň guburhana kümmetlerini we beýleki binalary görkezmek bolar.

Gadymy Lebap topragy-da Türkmenistanyň taryhy ýerlerine baý künjegidir. Lebabyň taryhy ýerlerini, bu welaýatyň Amul taryhy ýeri, Zemm taryhy ýeri, Daýa hatyn kerwensaraýynyň bolan ýeri, Birata etrabyndaky binagärlik ýadygärlikleriniň, Halaç etrabynyň binagärlik ýadygärlikleriniň, Astanababadaky (Atamyrat etrabyndaky) binagärlik eserleriniň we beýleki taryhy gymmatlyklaryň bar bolan ýerleriniň mysalynda görüp bolar. Lebap welaýatynda saklanyp galan binagärçilik eserleriniň hatarynda: Daýa Hatyn kerwensaraýyny, Astanababanyň, Alamberdaryň, Abu Müslim Horasanynyň kümmetleriniň binalaryny, Idris babanyň medresesiniň we beýleki medreseleriň binalaryny görkezmek bolar.

Kanunda milli taryhy-medeni mirasyň geografik ýerleşişi, hukuk statusy, mukdar we hil häsiýetnamalary we obýektlere baha bermek hakynda täzelenýän maglumatlardan we resminamalardan durýan maglumatlar bankyny özünde jemleýän döwlet maglumat ulgamy hökmünde Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri barada düşünje berilýär.

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň meselelerine: olaryň aýap saklamak boýunça çärelere; taryhy we medeni ýadygärlikleriň gazyp agtaryşlaryny we barlaglaryny geçirmeklige, Reýestre girizilen aýratyn taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmaty bolan milli taryhy-medeni mirasyň obýektleriniň ýerlerinde aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerleri döretmek baradaky düzgünler barada düşünje berilýär. Aýratyn goralýan taryhy-medeni ýerler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan döwlet taryhy-medeni goraghanalar, taryhy obalar görnüşinde we beýleki görnüşlerde döredilýär.

Ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, onuň däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, bu ulgamy şu günüň talaplaryna hem-de biziň ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine aralaşmagynyň wezipelerine gabat gelýän täze, häzirki zaman derejä çykarmak baradaky hormatly Prezidentimiziň tagallalaryna jogap edip, ony kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ülkämizde görülýän çäreler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň täsin medeni mirasyny gorap saklamaga, ony hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Mеrkеzi Aziýa sebiti, köp sanly ululy-kicili döwlеtlеrini guran ildеşlеrimiziň ýaşan hеm-dе ýaşaýan topragydyr. Bu sebitde ýerleşen Türkmenistanyň Garaşsyz döwlet bolmagy bilen şan-şöhratly türkmen taryhynyň täze bir sahypasy açyldy. Haçanda bir ýurtda uly özgerişlik bolup geçse, şol ýurduň halky geçmiş taryhyna ýüz urýar, ata-babalarynyň taryh içinde bitiren işlerini, ýaşaýan ülkesiniň geçmişini, şol geçmişden galan taryhy ýerlerini tanamaklyga çalyşýar we öwrenip ugraýar. Ildeşlerimiz bu maksat bilen ülkämiziň dürli künjeklerindäki taryhy ýerlere medeni syýahatçylygy hem amala aşyrýarlar, binagärçilik ýadygärlikleri öwrenilýär.

 

Kakajan BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň  Arheologiýa we

etnografiýa institutynyň uly ylmy işgäri.

 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi»

(1-2015)

 

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi

Министерство Строительства и архитектуры Туркменистана

Ministry of Construction and architecture of Turkmenistan